16.04 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

16.04 2026

Şu gün paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

16.04 2026

Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

16.04 2026

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

15.04 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

15.04 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

15.04 2026

Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

15.04 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

15.04 2026

Şu gün Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.

14.04 2026

Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.

1533 sahypa
Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy