Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
Syýasy habarlar
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
Çap edildi 05.06.2026
27

Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ekologik abadançylyk meselesine durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara giňişlikde ekologiýa diplomatiýasyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp, olary iş ýüzünde ilerledýän döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistan bu işlerde halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasyna uly orun degişlidir. BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

...Maslahatyň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerine bagyşlanan sergini synladylar. Soňra maslahat öz işine başlady.

Maslahatda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we halkymyza iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan, özboluşly gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär, täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynyň okalmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň kabul edilmegi, Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň tassyklanylmagy, ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren we halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýan başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Täze önümçilik toplumlary gurlanda, olarda ýokary ekologik talaplaryň göz öňünde tutulmagy, hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmaga, daşky gurşawa zyýan berýän serişdeleri aradan aýyrmaga ýardam berýän tehniki çözgütleriň ulanylmagyna uly üns berilmegi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna möhüm goşant bolup durýar.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň baý ösümlik, haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň eýeleýän meýdanlaryny has-da giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Bu gün adamzat howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde buzluklaryň eremegi, suw serişdeleriniň azalmagy we hapalanmagy, ýerleriň hiliniň ýaramazlaşmagy, çölleşme ýagdaýynyň güýçlenmegi, biologik köpdürlüligiň ýitip ýok bolmagy ýaly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Çykyşlarda şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti hem bellenildi.

Soňra halkara we sebit guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ilki bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, bu möhüm duşuşygy guraýandygy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diňe bir möhüm sene bolman, eýsem, ekologik abadançylygyň bähbidine ählumumy herekete çagyryşdyr. Bu çagyryş daşky gurşawyň adamzadyň saglygy, durnuklylygy we howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ýatladýar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň netijeleri — howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, suw serişdeleriniň ýiti ýetmezçiligi, topragyň ýaramazlaşmagy, biologik köpdürlüligiň azalmagy has ýiti duýulýar. Bu meseleler ählumumy häsiýete eýe bolup, durnukly çözgütleri, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny talap edýär. Şunda Türkmenistan ekologik taýdan durnuklylyga we howanyň üýtgemegine garşy göreşe ygrarlydygyny görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017 — 2022-nji ýyllar üçin daşky gurşawyň ýagdaýy baradaky birinji Milli hasabaty taýýarlamak işini tamamlady. Ol daşky gurşawyň ýagdaýyna we onuň üýtgemek meýillerine baha bermäge mümkinçilik berýän ekologiýa görkezijilerine esaslanýan möhüm maglumat binýadydyr. Häzirki şertlerde Milli hasabat durnukly ösüş ugrunda çözgütleri kabul etmek, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini öňe sürmek, umumy ekologik ýagdaýy gowulandyrmak boýunça çäreler üçin wajyp esas bolar. Hasabatyň çap edilmegi Türkmenistanyň Orhus konwensiýasynyň çäklerindäki öz borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy hem derwaýys ähmiýete eýedir. Bu merkez innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we sebitiň ýurtlarynyň howa tehnologiýalary ulgamyndaky mümkinçiliklerini ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

D.Şlapaçenko sözüni dowam edip, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde howa durnuklylygyny pugtalandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli dolandyrmak, milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda, «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmek boýunça başlangyçlary goldaýandygyny belledi. Şu gezekki çäre diňe bir maglumat alyşmak üçin däl, eýsem, howanyň üýtgemeginiň oňaýsyz täsirini peseltmek, uýgunlaşmak we tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak ulgamynda netijeli çözgütleri öňe sürmek üçin hem wajyp meýdançadyr, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda giň mümkinçilikdir.

Çykyşynyň ahyrynda D.Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdumyzyň tutuş adamzadyň bähbidine has «ýaşyl», durnukly we hemmetaraplaýyn geljege gönükdirilen başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdi. Ol Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, şeýle möhüm çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, BMG tarapyndan esaslandyrylan bu sene tebigaty goramak ugrunda habarlylygy ýokarlandyrmakda hem-de durnukly ösüşiň ilerledilmeginde wajyp ähmiýete eýedir.

Ählumumy ekologiýa we howa wehimleri bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde ekologik abadançylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy, özara ynanyşmak we tagallalary birleşdirmek möhümdir. Suwdan rejeli peýdalanmak, ýer serişdelerini durnukly dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak diňe bir daşky gurşawy goramak meselesine däl, eýsem, azyk howpsuzlygyna, ykdysady durnuklylyga we halkyň abadançylyk derejesine hem gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümetiniň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alyp barýan syýasatyny işjeň goldamagyny dowam etdirýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem-de ekologik wehimlere netijeli uýgunlaşmakda raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy möhümdir. BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ilatyň, şol sanda ýaşlaryň durnukly ösüş, ekologik meseleler boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýär. Çykyşynyň ahyrynda Narine Saakýan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen durnukly ösüşi ilerletmek, daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyşynda şu çärä gatnaşmagyň özi üçin hormatdygyny belläp, ÝUNISEF-niň howanyň üýtgemegine diňe bir ekologiýa meselesi hökmünde däl-de, eýsem, gönüden-göni çagalaryň geljegi bilen bagly mesele hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi çagalaryň saglygyna, bilim derejesine, iýmitlenişine, howpsuzlygyna, netijede, durmuşdaky ähli mümkinçiliklerine täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, J.Ratna Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky başlangyçlaryna ýokary baha berip, bu başlangyçlaryň sebitde, dünýäde durnuklylygy pugtalandyrmak üçin möhüm esas bolup hyzmat edýändigini belledi. Ol Türkmenistanda çagalaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler barada aýdyp, şunda mekdepleriň ornuna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň mekdeplerinde bilim maksatnamasyna daşky gurşawy goramak bilen bagly dersler girizildi. Bu bolsa ekologik taýdan sowatly raýatlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Şeýle hem türkmen mekdep okuwçylary dürli bäsleşikleriň çäklerinde energiýa netijeliligi, suwy tygşytlamak, galyndylary dolandyrmak, biologik köpdürlülik, amaly çözgütler boýunça taslamalary we ylmy işleri bilen tanyşdyrýarlar.

Çykyşynyň ahyrynda ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynda çagalaryň bähbitleriniň hem göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, guramanyň bu syýasaty uly höwes bilen goldaýandygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda halkara guramalaryň we sebitleýin edaralaryň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni tutuş adamzat üçin möhüm sene bolup, tebigata aýawly garamagyň we daşky gurşawy goramagyň umumy jogapkärçiligimizdigini ýatladýar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi hem-de onuň täsirlerini azaltmak ählumumy meseleleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän döwlet syýasaty ýokary baha mynasypdyr.

Türkmenistanyň biologik köpdürlüligi gorap saklamak, suw serişdelerinden netijeli we tygşytly peýdalanmak boýunça alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusgalykdygy bellenildi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň we bu ugra degişli beýleki halkara konwensiýalaryň çäklerinde ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede berjaý edýär. Çykyşlarda jemgyýetde ekologik medeniýeti kemala getirmekde we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek jogapkärçiligini terbiýelemekde durmuşa geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Sanly ulgam arkaly çykyş eden wekiller daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. Olarda halkara bilermenleriň, hünärmenleriň we ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenilip, giňişleýin pikir alyşmalar guraldy.

Birinji bölümçe ekologiýa we klimat hukugy meselesine bagyşlanyp, onda tebigatdan peýdalanmagyň halkara hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak we sebitara şertnamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň bu ugurda milli kanunçylyk binýadyny yzygiderli berkidip, halkara ekologiýa konwensiýalaryna işjeň goşulýandygyny we anyk hukuk gurallaryny öňe sürýändigini aýratyn bellediler.

«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly bölümçede ekologik taýdan arassa we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýaly strategik wezipelere seredildi. Çykyşlarda daşky gurşawy goramak meselesiniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, azyk we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmekde esasy şert bolup durýandygyna üns çekildi.

Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meselelerine bagyşlanan bölümde Aral deňzi sebitindäki ekologik heläkçiligiň netijelerini peseltmek, sebitiň ekoulgamyny durnuklylaşdyrmak, bu ugurda sebitiň ýurtlarynyň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we BMG-niň çäklerindäki netijeli başlangyçlarynyň bu ugurda nusgalyk häsiýete eýedigi nygtaldy.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, türkmen tebigatyny aýawly saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzy köpeltmek boýunça durmuşa geçirilýän tagallalar, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda alnyp barylýan işler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edildi.

Şeýlelikde, şu gezekki ylmy-amaly maslahat ählumumy ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, biodürlüligi gorap saklamak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň dowamynda beýan edilen garaýyşlar geljek nesilleriň abadan durmuşynyň bähbidine has «ýaşyl» we durnukly dünýäni kemala getirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi.

Soňky habarlar
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
04.06
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
04.06
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
top-arrow