22.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

22.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň hem-de saglyk öýüniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

22.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:

22.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

21.05 2026

Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr.

20.05 2026

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar.

20.05 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy milli azyk howpsuzlygynyň kepili bolup çykyş edýär.

19.05 2026

Geçen hepde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyny, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünlikli häsiýete eýedigini tassyklaýan möhüm wakalara baý boldy.

19.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilen forum “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi.

18.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar.

1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy