Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
Ykdysadyýet
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
Çap edildi 09.07.2026
1181

Ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gallaçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän zerur şertler munuň aýdyň beýanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edermen gallaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriniň we ähli oba zähmetkeşleriniň mynasyp goşandy bardyr.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu pudak azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga-da ýardam berýär. Pudagy ylmy esasda toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijesinde täze sepgitlere ýetilýär. Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze görnüşleriniň döredilendigini nygtamak gerek. Munuň özi bugdaýyň hasyllylygyny ep-esli artdyrmaga ýardam etdi.

Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygyna gönükdirilýän uly möçberdäki maýa goýumlaryň hasabyna ähli welaýatlarda galla kabul ediş kärhanalary, döwrebap elewatorlar, ammarlar, degirmen toplumlary üstünlikli hereket edýär. Bu bolsa ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we ýokary hilli gaýtadan işlenmegini üpjün edýär. Şeýle-de munuň özi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän häzirki zaman degirmenlerinde taýýarlanylýan unuň hiliniň ýokary halkara görkezijilere laýyk bolmagyny üpjün edýär.

Galla oragy möwsüminde tohumy saýlap almakdan başlap, hasyly ýygnamak işlerine çenli bugdaý önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi.

Şeýlelikde, gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow