20.01 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

20.01 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

20.01 2023

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

20.01 2023

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

20.01 2023

Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýewi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

20.01 2023

Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.

20.01 2023

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

20.01 2023

Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.

20.01 2023

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda sähetli günleriň birinde il içinde sylaglanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda welaýatyň baş metjidiniň düýbüni tutmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, beren ak patasyndan ugur alnyp, sähetli anna gününde bu mukaddes işe girişildi.

20.01 2023

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

1489 sahypa
Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi