Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 20.01.2023
1159

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşykda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk, döwlet ösüşiniň ýolunda üstünlikler baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistana nobatdaky gezek gelip görmek we ýurtda geçirilýän möhüm çärelere, şol sanda Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen netijeli duşuşyk geçirildi. Hormatly Arkadagyň yzygiderli tagallalary netijesinde türkmen-tatar hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryldy, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda iň iri we wekilçilikli Türkmen-rus işewürlik maslahaty öz işine başlady. Prezident Rustam Minnihanow şu gezekki saparyň çäklerinde geçirilen çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, olara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi we dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň geljekde-de Russiýa bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegi ugur edinýändigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, dostlukly ýurduň aýry-aýry sebitleri, şol sanda Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Bu sebit bilen Türkmenistany öňden gelýän, taryhy taýdan emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk hem-de Türkmenistanda işleýän kompaniýalara goldaw berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljekde-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Birnäçe ugurlar, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu günler Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu çäre, ozaly bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň hem-de edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň arasynda dost-doganlygyň hem-de özara düşünişmegiň köprüsi bolup durýan medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçysy bolup durýan Prezident Rustam Minnihanowa Türkmenistanda geçirilýän iri çärelere, hususan-da, Arkadag şäherinde şu gün geçirilen Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşandygy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Taraplaryň ikisinde hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmak, däp bolan ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylym merkezlerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň arasynda gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
19.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
19.04
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
19.04
Demir ýol ulagy pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
19.04
Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ýolunda
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow