Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär
Syýasy habarlar
Doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär
Çap edildi 20.01.2023
2430

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Hormatly Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi bilen mähirli salamlaşyp, ony doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Mintimer Şaýmiýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin hoşallygyny beýan edip, ynanyşykly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Mintimer Şaýmiýewiň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet işgäri we gowy dost hökmünde tanalýandygyny, oňa belent hormat goýulýandygyny aýratyn belledi. Ol uzak döwrüň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşdy.

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky häzirki netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda uly tagallalaryň edilendigini belläp, bilelikdäki duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol duşuşyklaryň barşynda Mintimer Şaýmiýew hemişe özüne mahsus bolan belent adamkärçiligini, ýokary hünär ussatlygyny, syýasy taýdan pähimliligini, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezýärdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, umumy medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň, ahlak gymmatlyklarynyň we ýörelgeleriň ýakynlygynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Häzirki wagtda-da şol ygtybarly binýada daýanmak bilen, biziň gatnaşyklarymyz okgunly ösdürilýär, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy barha okgunly häsiýete we ýokary ösüş depginine eýe bolýar. Muňa yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr özara saparlar ýardam berýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistanda resmi saparda bolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygyny ýatlady.

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şol söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagt we Tatarystanyň ösüşiniň, doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow