Mälim bolşy ýaly, şu günler bütin dünýäde telekeçiligiň hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bir hatarda, maýa goýum strategiýasynyň işjeňleşdirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ýylýazgysynda täze möhüm sahypadyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Hokon VIII-ä Norwegiýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilip geçilýär.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi.
2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu şanly wakalar milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumlaryny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Sizi we mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.