Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz ähli ösüşlerimizi ylym bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahatyň alymlaryň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary babatda özara tejribe alyşmaklarynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, eziz Diýarymyzda ylmy ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak babatda alyp barýan işleriňiziň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Şu gün ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Giň gerimli sergi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň mümkinçiliklerini, öňdebaryjy gazananlaryny, täze öndürýän önümlerini tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge amatly şertleri döredýär.
Düýn ýurdumyzyň Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümine badalga berildi. 29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beren ak patasyndan ruhlanan ekerançylar ösdürilip ýetişdirilen bereketli bugdaý hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagy maksat edinýärler.
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, netijeli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.