31.12 2019
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda hem size üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin!
31.12 2019
Size çuňňur hoşallyk bildirýärin we 2020-nji ýylda rowaçlyklary arzuw edýärin.
30.12 2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
30.12 2019
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
29.12 2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
29.12 2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
28.12 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.
28.12 2019
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
27.12 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy.
1521 sahypa
Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler