Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Çap edildi 30.12.2019
760

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi ýetip gelen Täze ýyl mynasybetli gutladylar hem-de berk jan saglyk, doganlyk türkmen we gyrgyz halklarynyň abadançylygy ugrundaky bilelikdäki işde we ähli başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň barha okgunly we yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň ileri tutulýan milli we sebit bähbitlerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň netijeli guraly bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ugrunyň möhümdigini nygtap, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak baradaky pikiri aýtdylar, munuň özi türkmen we gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň, GDA-nyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Arkalaşygyň çäklerinde häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda işjeň orny we netijeli çemeleşmeleri nygtaldy. Şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde möhüm çäreleriň birnäçesi guraldy, olaryň hatarynda GDA hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň GDA mejlisleri bar, olar oňyn ýagdaýda geçip, uly netije berdiler. Gyrgyzystanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow birek-biregi ýene bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler. Telefon söhbetdeşligi gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow