Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Oleg Kononenko: türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri häzirki wagtda dünýä giňişliginde uly ähmiýete eýedir
Syýasy habarlar
Oleg Kononenko: türkmen Bitaraplygynyň ýörelgeleri häzirki wagtda dünýä giňişliginde uly ähmiýete eýedir
Çap edildi 30.12.2019
793

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi Täze 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň paýhasly ýolbaşçylygyňyzda geljek ýylyň hem belent sepgitlere, Türkmenistanyň halkynyň täze zähmet üstünliklerine beslenjekdigine we Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýaryn. Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň giňden baýram edilmegi 2020-nji ýylyň şanly wakasyna öwrüljekdigi gürrüňsizdir. Bu sene türkmen halky we döwleti üçin milletiň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, döwletiň deňhukukly hyzmatdaşlyga bolan açyklygyny alamatlandyrýan wajyp günleriň biri bolup durýar. Türkmen bitaraplygynyň esaslary we oňyn ýörelgeleri häzirki döwürde dünýä giňişliginde aýratyn mana eýe bolýar. Munuň özi tutuş Ýer togalagynda parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň berkidilmegini şertlendirýär. Geçip barýan ýyly ugradyp, biziň her birimiz hakydamyzda hemişelik galan şanly wakalary ýatlaýarys. Meniň üçin şeýle waka Siziň maňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady bermegiňiz we ”Altyn aý” altyn medalyny gowşurmagyňyz boldy. Bu ýokary sylag meniň çagalygymyň we ýetginjeklik ýyllarymyň geçen ýeri bolan mähriban Watanymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyň nyşany bolup durýar. Gadymy we ajaýyp türkmen topragynda doglup, men mähirli, açyk ýürekli, hoşniýetli we örän myhmansöýer türkmen halkyna iň ýakyn duýgularymy besleýärin. Türkmenistanlylaryň Siziň döwlet we halkara işiňiz bilen baglanyşykly ýeten derejesine tüýs ýürekden begenýärin we buýsanýaryn. Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident! Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlamak isleýärin we Size hormat goýmak bilen, ýene bir ýola berk jan saglyk, Siziň parahatçylygyň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlik arzuw edýärin. Goý, 2020-nji ýyl durnuklylygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun! Oleg Kononenko, Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, Türkmenistanyň Gahrymany.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow