15.07
2020
Şu gün dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ajaýyp kölleriň birinde balyk tutmak bilen meşgul boldy.
15.07
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi.
15.07
2020
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň howasyny barlamak boýunça geçirilen işleriň netijesinde howada tozan bölejikleriniň bardygy kesgitlenildi. Howa şertleriniň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda görülýän öňüni alyş çäreleriniň nobatdaky tapgyry geçirilýär.
14.07
2020
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.
14.07
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
13.07
2020
Şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýäris.
13.07
2020
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
13.07
2020
13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi.
12.07
2020
Soňky günleriň dowamynda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çäklerine howa akymynyň aralaşmagy sebäpli,
12.07
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.