Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi
Çap edildi 13.07.2020
943

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirler we maslahatlar alşyldy. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy temalarynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, R.Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamak ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer. Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlaşmalary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda ylalaşdylar. Şeýle hem sebit we halkara derejesindäki, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem garaldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow