30.10
2020
«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Bu hoş habar şu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy.
30.10
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emomali Rahmona onuň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
29.10
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
29.10
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
29.10
2020
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-niň gurluş düzümleriniň we halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.
29.10
2020
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler.
28.10
2020
Şu gün paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.
28.10
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV halkara maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bu maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
28.10
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
28.10
2020
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!