Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
DIM-niň ýolbaşçysy BMG bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça onlaýn-duşuşyk geçirdi
Syýasy habarlar
DIM-niň ýolbaşçysy BMG bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça onlaýn-duşuşyk geçirdi
Çap edildi 29.10.2020
709

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredowyň BMG-niň gurluş düzümleriniň we halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini bellediler. Şu ýylyň martynda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Şu resminamanyň esasynda BMG-niň degişli agentlikleri bilen Ýurt boýunça maksatnamalar işlenilip düzüldi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BSGG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, şeýle-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Wekilhanalarynyň derwaýys durmuş-ykdysady meseleleriniň çözülmegine goşýan ähmiýetli goşantlaryny belläp geçdi. Onlaýn-duşuşygyň gün tertibine aýratyn ýiti ýokanç kesellerine garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, şol sanda sanjymlaryň hem-de öňüni alyş çäreleriniň öz wagtynda geçirilmegi, ilatyň habarlylygynyň üpjün edilmeginiň meseleleri girizildi. Şu nukdaýnazardan, ählumumy pandemiýanyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin zerur serişdeleriň we bilermenlik başarnyklarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýä medeni mirasynyň goralyp saklanylmagy ulgamynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamyndaky borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine ygrarlylygy tassyklanyldy.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow