Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Çap edildi 29.10.2020
865

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşygy arkaly iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýurdumyza Wepa Hajyýew, Koreýa Respublikasyna Kim Gunn wekilçilik etdiler. Onlaýn-duşuşygyň barşynda taraplar halkara gün tertibiniň esasy meseleleri barada pikir alyşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden taraplar onuň ösüşiniň häzirki tapgyryna kanagatlanma bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň yzygiderli geňeşmeleriniň Türkmenistanyň we Koreýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly bolup durýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu ýylyň 28-nji awgustynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Bu babatda nobatdaky mejlisi şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän işewürlik-forumlarynyň we 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen söwda-ykdysady hzymatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen Bilelikdäki türkmen-koreý işewürler geňeşiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Wideo-gepleşikleriň dowamynda Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) bilen gatnaşyklaryň we Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutyna (GGGI) goşulyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden 2019-njy ýyldan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Patyşa Sejong Instituty Gaznasynyň ýardam bermeginde döredilen Koreý dilini we medeniýetini öwrenmek boýunça okuw merkeziniň hereket edýändigini bellenildi. Sport hyzmatdaşlygy barada gürrüň edilende, türkmen tarapy bu ulgamda Koreýanyň tejribesiniň öwrenilmegine hem-de koreý tälimçileriniň ýolbaşçylygynda türkmen türgenlerini taýýarlamaklyga gyzyklanmasyny beýan etdi. Taraplar jemgyýetçilik saglygy goraýşy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda tejribe alyşmak barada pikir aýtdylar. Şeýle hem ýakyn wagtda wideoaragatnaşygy arkaly Saglygy goraýyş boýunça Türkmen-Koreý iş toparynyň ikinji mejlisini geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
top-arrow