15.05 2021

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda bikanun gazanylan pullary kanunlaşdyrmak babatda töwekgelçiliklere mili baha bermek, terrorçylygy maliýeleşdirmäge we köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmaga garşy durmak (BGPK/TM/KGÝÝ) babatda ikinji hasabaty hem-de Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasy (TDHM) bilen tanyşdyrdy.

15.05 2021

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

15.05 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

15.05 2021

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ak şäherim Aşgabat» kitaby bilen tanyşdyryş dabarasyny geçirildi.

14.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy.


14.05 2021

Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak, harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

14.05 2021

Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.


14.05 2021

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna gabatlanylan nobatdaky makala ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinliklerine bagyşlanýar.

13.05 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

13.05 2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

1517 sahypa
Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi