Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar
Resmi
Resmi habarlar
Çap edildi 14.05.2021
2640

Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen harytlary öndürýän hususy kärhanalary we telekeçileri höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak, harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem eksport edijilere goldaw bermek arkaly eksportyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji Kararynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylaryndaky sanawlara girizilmedik, ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin, şeýle harytlaryň gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajyny 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrmak bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň we ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslardan we ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslardan — hususy telekeçilerden, ilatdan satyn alan harytlaryny (çig malyny) eksport etmegi bilen bagly şertnamalar eksport edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 sany kompýuteri satyn almak, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de galla öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin, Türkmenistanda 2021-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly, orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ygtyýar berildi.


Soňky habarlar
05.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.07
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
05.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
05.07
Türkmenistan parahatçylykly, hoşniýetli we döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýär
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi