Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Medeniýet
Türkmenistanda Soltan Sanjara bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Çap edildi 14.05.2021
3224

Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty” atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralan çärä türkmen alymlary we hünärmenleri, şeýle hem olaryň dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan kärdeşleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Alžiriň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de beýleki döwletleriň iri ylmy merkezleriniň, muzeýleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Döwleti berkitmek, ylmy, medeniýeti, ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işleri bilen şöhrat gazanan hem-de milli, sebit we halkara derejedäki dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşan soňky seljuk hökümdarlarynyň birine bagyşlanan halkara forum 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ösüşiniň täze taryhy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler bilen bilelikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Bu gün ýurdumyz sebitiň ykrar edilen ylalaşdyryjy we iri medeni merkezi bolmak bilen, ösüşiň bilelikdäki nusgalarynyň biri hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny dikeldip, giň hyzmatdaşlyga we ylmy alyşmalara taýýardygyny görkezýär, öz mysalynda medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi dünýä halklarynyň taryhyny we medeniýetini, görnükli şahsyýetleri, şol sanda beýik türkmen hökümdary Soltan Sanjary we onuň eýýamyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga ýardam etmelidir. Bu pikir şu günki halkara döredijilik duşuşygynyň esasy mowzugyna öwrüldi.

Maslahatlar zalynda Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlarynyň hem-de paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar. Wideoaragatnaşyk boýunça olara dünýäniň dürli döwletlerinden wekiller goşuldy. Olaryň ylmy we döredijilik gyzyklanmalary Gündogaryň orta asyr eýýamy bilen baglydyr.

Çykyş edenler adamzadyň ruhy mirasynyň gözbaşlaryny öwrenmekde we aýawly saklamakda şu günki halkara forumyň ähmiýetini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, ylmy we medeniýeti jemgyýetçilik ösüşiniň esasy güýji hasaplan türkmenleriň şöhratly ata-babalary iri kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdirler, obserwatoriýalary açypdyrlar, sungaty ösdüripdirler. Ine, şonuň üçin hem döwürleriň şol arabaglanyşygynyň üzülmän, milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň asylly işinde öz beýanyny tapmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Bu “Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary — Soltan Sanjaryň ruhy mirasy”, “Parahatçylyk we ynanyşmak pikirleriniň seljuklaryň taryhynda şöhlelenişi”, “Seljuk soltanlarynyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” atly çykyşlarda öz beýanyny tapdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň esasy merkezleriniň biridir. Bu ýerde ajaýyp paýtagtlary bolan beýik imperiýalar döräp, olaryň uly gymmaty we umumadamzat ähmiýetine eýe bolan ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Alymlar Beýik Seljuklar döwrüniň taryhy, ykdysadyýeti we medeniýeti, edebiýaty barada gyzykly arheologik maglumatlar we golýazmalar bilen tanyşdyrdylar.

Käbir çykyşlar Soltan Sanjaryň döwründe Merkezi Aziýada bolan medeni durmuşyň aýratynlyklaryna, Seljuk hökümdarlarynyň dünýä medeniýetine we dünýä taryhynyň ösüşine goşan goşantlaryna bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, hut Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden döwründe Günbatary we Gündogary birleşdiren beýik imperiýany dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösmegi üçin şertleri döretmegi başaran beýik seljuklar neberesi pajarlap ösýär.

Käbir çykyşlarda Soltan Sanjaryň syýasy-diplomatik ýörelgeleri, onuň Bagdatdaky Abbasidler halyflygy, şeýle hem Anuş-Tegin we beýlekiler bilen gatnaşyklary açylyp görkezildi.

Döwrüň medeni mirasyny, seljuklar neberesiniň parasatly ogly Soltan Sanjaryň ylmy we sungaty ösdürmäge goşandyny öwrenmek meseleleri duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Soltan Sanjaryň döwründe gadymy Merw hem-de Sistan welaýaty, Beýik hökümdaryň adyny göterýän bent we beýlekiler baradaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi.

Seljuk türkmenleri eýýamynyň öwrenilmegi Merwiň gülläp ösen döwrüne — XI-XII asyrlara gabat gelýär. Şol döwürde Merw Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri hem-de Gündogaryň iri merkezleriniň biri bolupdyr.

«Soltan Sanjar Merwi Beýik imperiýanyň paýtagtyna öwürýär. Bu ýere diňe galalary, köşkleri, metjitleri gurmaga mümkinçilik beren genji-hazynalar däl-de, eýsem, musulman dünýäsiniň akyldarlary, şahyrlar, suratkeşler we binagärler gelip, nesiller üçin öçmejek eserlerini goýdular. Şol döwri hakyky medeniýetiň gülläp ösen döwri diýip atlandyrýarlar. Binagärlikde we şekillendiriş sungatynda seljuklaryň gazananlary, olaryň senetçilik sungatynyň derejesi, döreden syýasy ulgamy hem-de dini taglymaty olary adamzadyň ösmegine ýol açan gadymy Gündogaryň esasy halklarynyň hataryna goşýar» diýip, çykyş edenler bellediler.

Elbetde, beýik hökümdaryň ajaýyp ýadygärligi — şol döwrüň görnükli binagäri Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan XII asyryň ortasynda bina edilen Soltan Sanjaryň kümmeti barada hem durlup geçildi.

Bu ägirt gadymy bina Soltangalanyň merkezinde — Merw şäheriniň seljuk böleginde seleňläp otyr. Alymlar orta asyr golýazmalarynda ady ýygy-ýygydan agzalýan şular ýaly binagärlik ýadygärlikleriniň Ýer ýüzünde kän saklanyp galmandygyny bellediler.

Soltan Sanjaryň kümmeti barada ilkinji maglumatlar orta asyr alymlarynyň işlerinde duş gelýär. Merwi XIII asyryň başynda, mongollaryň çozuşyndan öň gören, meşhur arap syýahatçysy we taryhçysy Ýakut al-Hamawy bu desga barada şeýle ýazypdyr: «Binanyň ýaşyl gupbasy bir günlük menzilli ýoldan hem görünýär».

Ony görenleriň aýtmagyna görä, dünýäde iň uly bina (Reşid-ed-din, XIV asyr) we Älem şalyklarynyň iň beýik desgalarynyň biri (Isfizari, XV asyr) bolansoň, oňa hatda göz hem degip bilmändir diýip ýazypdyrlar.

Şondan 400 ýyl geçensoň, ýagny 1880-nji ýylda bu ýerde bolan Londonyň “Daily news” gazetiniň habarçysy Edmond O’Donowan şeýle ýazypdyr: “Soltan Sanjaryň gubry zyýarat ýeridir we hiç bir türkmen hökümdary hormatyny bildirmän, onuň deňinden geçmez”.

Soltan Sanjaryň kümmeti asyrlaryň jümmüşinden geçmiş beýikliginiň subutnamalaryny alyp geldi. Binagärlik pikiri doly saklanyp galmadyk hem bolsa, baý bezeg işleri we şol döwre görä batyrgaý döredijilikli çözgütler bu sebitde binagärlik sungatynyň ir döwürlerden bäri kämilleşip gelýändigini aýdyň görkezýär diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler.

Halkara duşuşygyň dowamynda orta asyr edebiýatynda we sungatynda Soltan Sanjaryň keşbine bagyşlanan eserler barada we dürli döwürlerde ýaşan alymlaryň öz işlerinde Soltan Sanjar hakynda ýatlamalary barada habarlar diňlenildi. 95 ýyl mundan ozal Aşgabatda çap edilen Basir Abdulliniň “Soltan Sanjar mazy” atly dramasy barada gyzykly maglumatlar bilen çykyş edildi.

“Beýik Seljuklar fransuz taryhçylarynyň işlerinde” atly çykyşynda fransuzlaryň türkmen taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanmasy barada aýdyp, alym, fransuz taryhçysy Leon Kaýunyň 1896-njy ýylda Parižde çap edilen “Aziýanyň taryhyna giriş; Türkleriň we mongollaryň gelip çykyşyndan 1405-nji ýyla çenli” atly kitabyndan mysallary getirýär.

Alymyň belleýşi ýaly, türkmenler barada Kaýun şeýle ýazypdyr: «Näçe uly ýerleri eýelese-de, türkmenler beýleki halklardan özboluşly häsiýetleriniň ikisi bilen tapawutlanypdyr: olar ene dilini gorap saklamakda tutanýerlilik hem-de esaslandyran ýa-da uýgunlaşan jemgyýetleriniň aýratyn köpdürlüligidir. Hiç ýerde we hiç haçan ýeňendigine ýa-da ýeňlendigine garamazdan, türkmenler öz dilini, däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny unutmandyrlar we inkär etmändirler».

Çykyş eden fransuz dilindäki ylmy edebiýatyň örän peýdaly taryhy maglumatlaryň hazynasydygyna hem-de Beýik Seljuk imperiýasynyň taryhyny has aýdyň öwrenmek üçin terjime edilmäge mynasypdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, fransuz edebiýatyny öwrenmek we ylmy dolanyşyga täze maglumatlary girizmek türkmen alymlarynyň wezipeleriniň biridir.

Bellenilişi ýaly, Seljuk döwletiniň taryhy türkmen halkynyň ýylýazgysynda öçmejek yz galdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy, ony döwlet gurluşynda, ykdysady ösüşde, harby sungatda, ylym, binagärlik, bilim we sungat ulgamlarynda gazanan üstünlikleri bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň baý mirasy taryhda türkmen halkynyň sebitde we onuň çäklerinden alyslarda beýleki halklar bilen işjeň, medeni gatnaşyklary saklandygynyň subutnamasydyr.

Şu günki duşuşygyň möhümdigini bellemek bilen, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge ýardam edýändigini hem-de ylmyň, medeniýetiň, jemgyýetiň öňünde durýan häzirki zaman wajyp meselelerini çözmäge giň ýol açýandygyny biragyzdan makulladylar.

Halkara döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda milli Liderimiziň ylmy we medeniýeti ösdürmek, ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda alyp barýan syýasaty üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň eýwanynda guralan sergi halkara foruma özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň taryh mowzugyna bagyşlanan eserleri, zergärleriň we senetçileriň önümleri görkezildi.

Soňky habarlar
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow