Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we yzygiderli durmuşa geçirilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, sebitde goňşy ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan hem-de giňeltmekden ybaratdyr. Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhy taýdan ýola goýlan dostluk hem-de özara goldaw bermek gatnaşyklary bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny has hem ýakynlaşdyrýar.
Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýäniň Kastamonu, Sinop we Bartyn welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän iri ynsanperwer gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, dünýäde milli mirasymyzy, Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryny çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek üçin möhüm çärä öwrüldi. Bu ugurda alnyp barylýan işler “Türkmenistan —–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda aýratyn ähmiýete eýedir.
Şu gün paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýynda oňyn netijelere beslenen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň binasynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şanly senä — Hazar deňziniň gününe bagyşlanan bu maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň DIM-niň goldaw bermeginde Hazar deňzi instituty bilelikde guradylar.
Ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy durnukly ösdürmäge, şol sanda daşary ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.