Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywalyýewiç Purçekow Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu žurnal türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň ylmy-barlaglarynyň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrýar.
Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda oba hojalygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, azyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýew başga işe geçmegi sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.
Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen hem-de halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi.
Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary — dünýäde ählumumy parahatçylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy dowam etmek, mähriban Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy baradaky aladalar beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda täze gurlan möhüm desgalaryň ulanylmaga berilmegi eziz Diýarymyzyň ösüşiniň täze, nobatdaky sepgitleriniň aýdyň subutnamasy boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.