Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hoşniýetli goňşuçylyk dessurlaryny baýlaşdyrdy
Teswirlemeler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly hoşniýetli goňşuçylyk dessurlaryny baýlaşdyrdy
Çap edildi 13.08.2021
3568

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän iri ynsanperwer gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, dünýäde milli mirasymyzy, Watanymyzyň häzirki döwürde gazananlaryny çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek üçin möhüm çärä öwrüldi. Bu ugurda alnyp barylýan işler “Türkmenistan —–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda aýratyn ähmiýete eýedir.

Her bir ýyla at bermek, onuň täze taryhy eýýamda milli ösüşiň möhüm ugurlaryny yglan etmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi her bir adamyň watansöýüjilik ruhunyň ýokarlanmagyny, ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işlere dahylly bolmaga we oňa mynasyp goşant goşmaga bolan gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň bäşisiniň ussat aşpezleriniň gatnaşmagynda geçirilen milli tagamlaryň halkara festiwaly aýratyn ähmiýete eýedir.

Bu çäre Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagy bilen ýokary derejä eýe boldy.

Festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri dostlukly döwletleriň Prezidentlerine aşpezlik sungaty boýunça ussatlyklaryny görkezdiler, şeýle hem milli tagamlaryň aýratynlyklary we olary taýýarlamagyň tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bilen geçirýän maslahatlarynda şunuň ýaly iri çäreleri guramakda oňyn tejribäni öwrenmegiň wajypdygyny yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmansöýerligiň esasy şerti bolan hyzmat ulgamyna möhüm orun degişlidir.

Milli tagamlaryň halkara festiwaly türkmen aşpezleriniň bu ugurda hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ýokary hünär derejesini görkezdi.

Dürli milletleriň we medeniýetleriň özboluşly tagamlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aşpezlik aýratynlyklary, özboluşly dessurlary festiwalyň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Munuň özi parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baýramy bolmak bilen, dostlukly halklaryň medeni gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, bu giň möçberli halkara festiwal ata Watanymyzda mundan beýläk hem goňşy ýurtlarymyz bilen saçakly gatnaşyklarymyzyň hemişe goldanyljakdygynyň aýdyň görkezijisidir. Müňýyllyklaryň dowamynda aşpezlik sungaty täze tagamlar bilen üznüksiz baýlaşdyrylyp gelinýär. Köp asyrlyk taryhy bolan milli tagamlarymyz, halkyň medeni derejesini açyp görkezmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa önümlerden taýýarlanylýandygy üçin hem özboluşlylyga eýedir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ussat aşpezleriniň datly tagamlary taýýarlamak işindäki ýeten belent sepgitleriniň, olaryň ezber elleriniň döredýän gözellikleriniň, zehinleriniň ýitiliginiň açylyp görkezilmegi bu giň möçberli çäräniň ähmiýetiniň has hem artmagyna itergi berer diýip, milli Liderimiz belleýär.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda: «Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip belledi we ajaýyp «Awazanyň» gözel künjeginde müdimilik goňşularymyz bilen bir supranyň başyna jemlenip geçirilýän täsin halkara festiwalyň dowamynda munuň şeýlediginiň ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykjakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Onuň baş maksady Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmakdan we halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden, oňyn özgertmeleri amala aşyrmakdan, azyk bolçulygyny, her bir maşgalanyň hem-de türkmen ojagynyň abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň esasy wezipesi onuň möhüm ugurlary we strategik çemeleşmeleri “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. Azyk senagatynyň ösdürilmegine we täze görnüşli önümleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna köp möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Festiwal halklaryň özara gatnaşyklarynyň, agzybirliginiň we ylalaşygynyň baş nyşanyna öwrüldi. Bu festiwal dostlary, pikirdeşleri we köp sanly myhmanlary bir ýere jemleýän baýram boldy, onda medeniýet, däp-dessurlar, taryh ugurly düşünje, durmuşyň köptaraply ugurlary öz beýanyny tapdy.

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýa halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň geçirilýän ägirt uly sahnasyna öwrüldi. Sebitiň halklarynyň ajaýyp bezegleri bolan milli ak öýlerden, bereketli saçaklardan, myhmansöýerlikden, dostlar we goňşular üçin göwnaçyk gatnaşyklardan ybarat bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň durmuşyny görkezýän milli ýörelgeler festiwalyň esasy bezegine öwrüldi.

Ak öý Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň köp asyrlaryň dowamynda ýaşaýşynyň esasy şerti bolupdyr. Taryhda öý tutulan ýerler mähriban ýurt hasaplanypdyr.

Sergiden her ýurduň aşpezleri özboluşly halk ýörelgelerini, taryhy we durmuş serişdelerini görkezdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlary bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde meşhurdylar. Hut şonuň üçinem bu ýerde gawundan we garpyzdan taýýarlanan sergiler has-da özüne çekiji boldy. Dabara gatnaşyjylar bu önümleriň tagamyndan dadyp gördüler.

Türkmen gawuny birnäçe abraýly halkara sergilerde altyn medallara mynasyp bolup, özüniň süýjüligi we özboluşly tagamy bilen dünýäde meşhurlyga eýedir. Ýurdumyzda gawunlar bakja önümleriniň şasy hasaplanylýar. Ol özüniň süýjüligi, terligi, tagamy we ýokumlylyk derejesi bilen şeýle derejä mynasypdyr. Gawunlar türkmen güneşiniň we topragyň sahawatynyň önümidir.

Dünýä bakjaçylyk gaznasynda hasaba alnan ýüzlerçe görnüşdäki gawunlaryň içinde türkmen gawunlary halkymyzyň beýik medeni mirasynyň we milli baýlygynyň esasy bölegidir.

Hatara guralan ak öýleriň ýanynda atarylan gazanlarda sebitiň ýurtlarynyň ussat aşpezleri etden we balykdan taýýarlanylýan dürli goşundylary bolan tagamlary, işdäaçarlary, süýji-köke önümlerini taýýarlamagyň ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.

Bu ýerde taýýarlanan tagamlar öz işine ussat aşpezleriň derejesiniň ykrarnamasyna öwrülip, özboluşly aýratynlyklary bolan aşpezlik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Goňşy ýurtlaryň tebigy şertleri, däp-dessurlary dürli ýerlerde ýaşaýan halklaryň durmuş şertlerine, olaryň milli aşhana sungatyna özüniň täsirini ýetiripdir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynda bu aýratynlyklar has-da äşgär görünýär.

Olaryň hatarynda tagamly palaw, etden taýýarlanan önümler, balyk önümlerinden taýýarlanan tagamlar, meşhur bäşbarmak, dolama we sebitiň ýurtlarynyň aşpezleriniň ýerine ýetiren beýleki özboluşly tagamlary bar.

Gazagystanyň wekili öz halkynyň milli aşpezlik sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi we goýun gapyrgasynyň, etiniň gowrulan görnüşlerini, süýt önümlerini, şeýle hem süýtden taýýarlanan gymyzy görkezdi.

Gyrgyzystanyň bäşbarmak, palaw, gowurdak, lagman, kakadylan goýun etini taýýarlan aşpezleriniň ýerine ýetiren işlerine mynasyp derejede baha berildi.

Sergide aşpezlik sungatyny öwrenmek we ony ýerine ýetirmek mümkinçiligi üpjün edildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň her biriniň aşhana sungaty ýaly, täjik halkynyň hem milli aşhanasynyň häsiýetli aýratynlyklary bar. Ol şurba-çorba, fatir-petir, kulça-külçe, kalama-gatlama ýaly tagamlardan ybarat boldy.

Özbegistanyň wekiliýeti “Daşkent baýramçylyk palawy” we “Buhara gatlama palawy” ýaly, iki görnüşli palawy, kebaplary, somsany, beýleki onlarça naharlary görkezdi.

Her ýurduň aşpezleri dürli görnüşli tagamlaryň 40-dan gowragyny taýýarladylar. Olar taýýarlanylyşy babatda meňzeş hem bolsa, aşpezleriň milli usullaryna, goşundylary peýdalanyşlaryna baglylykda, özboluşly görnüşe we häsiýete eýe boldy.

Daşary ýurtly myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlaryny taýýarlamagyň tehnologiýalary bilen tanyşmak üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi bu festiwalyň aýratynlygyna öwrüldi. Biziň halkymyzyň aşpezlik sungaty ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, bereketli saçagy özüniň köp dürli önümleri bilen haýrana goýýar. Biziň aşhanamyzyň süýji önümleri oňa höwesekleriň gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň bölüminde tagamlaryň 300-e golaý görnüşi görkezildi. Olaryň hatarynda “Bereketli türkmen saçagy” kitabynda görkezilen usullar boýunça taýýarlananlary agdyklyk edýär. Her kim türkmen desterhanynyň berekedi, onuň köp dürlüligi bilen tanşyp bildi.

Biziň milli aşhanamyzyň gadymy taryhy bolup, ol türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessury, tebigy-ýerleşiş şertleri bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň taryhy taýdan oturymly we çarwadarlyk durmuşy milli aşhananyň tagamlaryny taýýarlamagyň özboluşlylygyna täsirini ýetiripdir. Şol bir wagtyň özünde aşhanalyk däpleri tagamlaryň görnüşleriniň artmagyna giň ýol açypdyr. Olaryň köpüsiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagam taýýarlamak aýratynlyklary bilen umumylyga eýedigini bellemeli.

Şeýle hem bizde daşary ýurtlardan gelýän myhmanlary haýran galdyrýan we uly gyzyklanma bildirilýän özboluşly tagamlaryň bardygyny bellemeli.

Türkmen aşpezleriniň taýýarlan naharlarynyň hatarynda çorbanyň 15 görnüşi, etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekli, dürli hurşly gutaplar, seçelenip duran palaw, kellebaşaýak we çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, ýarma, dürli işdäaçarlar, pişme, süýjülikler we beýlekiler bardyr.

Taýýarlanyş usuly asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilen milli naharlar biziň halklarymyzyň medeni ösüşi barada maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň häzirki döwrüň tehnologiýalaryny ulanmak arkaly taýýarlanylyşynda tapawudyny hem-de baýramçylyk saçaklarynyň özboluşly bezelişini görkezdi.

Tamdyrda bişen türkmen çöregi hem tagamy we daşky görnüşi boýunça dürli-dürlüdir. Häzirki wagtda döwrebap gaz we tok peçleri, aşhana enjamlary giňden ulanylsa-da, tamdyrlar we gazanlar henizem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Köp naharlaryň çylşyrymly taýýarlanyş usullary bolup, olar aýratyn ussatlygy talap edýär.

Milli Liderimiziň öz eserlerinde beýan eden, halkymyzyň däp bolan içgileriniň biri hem melhemlik otlar bilen demlenen, hoşboý ysly gök çaýdyr. Gök çaý myhmansöýerligiň nyşany bolup, hemişe türkmen saçagynyň ýany bilen äberilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, milli aşhanasynyň özboluşly däplerini gorap saklaýan Türkmenistan medeniýetleriň çatrygy hem-de ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndüriji hökmünde tutuş dünýäniň syýahatçylaryny özüne çekýän aşhanaçylyk syýahatçylygynyň merkezi bolup biler.

Hazar deňziniň kenarynda geçirilen aşpezlik forumynyň oňa gatnaşyjylaryň ýadynda uzak wagtlap galjakdygyny bellemek gerek. Her kim öz aşpezlik başarnygyny, ýurduny, däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny mynasyp şekilde görkezmek, kärdeşlerini haýran galdyrmak hem-de adamlaryň alkyşyna mynasyp bolmak isledi.

Awgust aýynyň bu günleri Awazada ajaýyp howa bolýar. Il içinde oňa “mahmal möwsüm” hem diýilýär. Tomus pasly entek gutarmasa-da, günüň gyzgyny düşüşýär we köp sanly dynç almaga gelýänleri Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenaryna imrindirýär. Şeýle hem, daşary ýurtly myhmanlarymyzyň aýtmaklaryna görä, türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň täsin mylaýymlylygy tomus paslynyň güneşi ýalydyr.

Festiwala gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmesinde türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, bu giň möçberli, halkara derejeli çäräniň dostlukly halklaryň aşpezleriniň milli we dünýä aşhanasynyň naharlaryny taýýarlamakda tejribe alyşmak işinde, bu ugurda däpleri özara baýlaşdyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynandyrdylar.

Şol gün Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşan iň gowy aşpezleri sylaglamak dabarasy boldy. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň milli toparlarynyň her birine festiwalyň ýeňijisiniň diplomyny, gymmat bahaly sowgatlary hem-de ABŞ-nyň 10 müň dollaryny gowşurdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly oňyn Bitaraplyk, açyklyk we goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda öz dowamyny tapan türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik, özara düşünişmek, goldaw bermek, dostluk ýaly häsiýetleriň aýdyň nyşany boldy.

Soňky habarlar
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow