Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Teswirlemeler
2021-nji ýylyň iýuly: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
Çap edildi 17.08.2021
3282

Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri we forumlar Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Iýul aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dostlukly döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň gündelik meselelerini hem-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. DIM-niň ugry boýunça, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

1-nji iýulda Daşkent şäherinde syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça sebitiň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýokary derejeli “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Mejlisiň dowamynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmek boýunça sebit hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijelerine garaldy, öňde boljak dürli derejeli çäreleriň, şol sanda şu ýylyň noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ykdysady forumynyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy iýulda DIM-de Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 13-nji tapgyry geçirildi. Onlaýn görnüşinde guralan duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukuk ulgamynda öz üstüne alan halkara-hukuk borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

7-nji iýulda sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly ýurt boýunça tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahata italýan tarapyndan Italiýa Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano, Italiýanyň söwda agentliginiň baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň prezidenti, 120-ä golaý iri kompaniýalaryň, maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bu maslahat iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly çärä öwrüldi.

8-nji iýulda Aşgabatda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

RF-iň aýry-aýry sebitleri hem-de iri senagat, medeni merkezleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolan häzirki zaman türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar köp ugurlary öz içine alýan ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn bellediler. Saparyň barşynda RF-iň wekiliýeti ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Syn berilýän aýyň birinji ongünlüginde DIM-de wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi, oňa Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Burit gatnaşdy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, geçen ýylyň baharynda türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler hem-de daşary syýasy hyzmatdaşlygy, ulag, bilim, ylym we beýleki ulgamlarda goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.

Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

13-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy S.Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, soňky ýyllarda taraplaryň tagallalary netijesinde bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe boldy.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň, şol aýda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň iri halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi.

Bu gün Pekin we Aşgabat döwletara gatnaşyklaryň has amatly görnüşini işläp düzdüler. Bu taraplaryň milli bähbitlerini, Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri dostlukly we ynamly gatnaşyklar bilen bagly bolan türkmen hem-de hytaý halklarynyň hoşniýetliligini nazara almak arkaly öňde durýan wezipeleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Iki ýurduň we olaryň Liderleriniň arasynda gazanylan özara düşünişmegiň we hormat goýmagyň ýokary derejesi yzygiderli, netijeli gatnaşyklar bilen bilelikde, birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlykda oňaýly esas döredýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň üstüne uly wezipeleriň ýüklenendigi nygtaldy. Bu topar ykdysady we eksport kuwwatynyň netijeli amala aşyrylmagyny, ýakyn hyzmatdaşlykda şertleriň döredilmegini, ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini ugur edinýär.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen DIM-de geçirilen duşuşygyň barşynda hem türkmen-hytaý syýasy gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Taraplar daşary syýasat edaralarynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň däp bolan dostluk, deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklaýan birnäçe resminamalara gol çekildi.

13-14-nji iýulda wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Goşulyşmazlyk hereketiniň ministrler maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň maý aýynda geçirilen Goşulyşmazlyk hereketiniň 18-nji sammitindäki çykyşyna çekdiler. Milli Liderimiziň çykyşynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň ýolunda bu gurama gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny ilerletmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi.

Pandemiýa garşy göreşi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işlerini maliýeleşdirmek ýaly, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary beýan edildi. Türkmen tarapynyň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça halkara maslahaty çagyrmagy maksat edinýändigi aýdyldy.

14-nji iýulda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistan bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Çäreleriň meýilnamasy boýunça “Ýol kartasy” syn beriş duşuşygy geçirildi.

Gazanylan üstünlikleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň seljermesine laýyklykda, Türkmenistanda wagyz-nesihat we düşündiriş görnüşindäki öňüni alyş çäreleri üstünlikli geçirilýär, 2020 — 2022-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreş boýunça Milli meýilnama durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy geljekki döwür üçin “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip etdi. Munda sanlylaşdyrmak işlerine hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça işgärleriň we bilermenleriň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berler.

BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi bilen Merkezi Aziýa sebit maglumatlar utgaşdyryjy merkeziniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygy nygtaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenistanyň bu guramada başlyklygy kabul etmegi boýunça işjeň çäreler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýeti 14 — 16-njy iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň bähbidine “Merkezi Aziýa — Günorta Aziýa” Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

15-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi hanym Elizabet Şerwud-Rendallyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda “C5+1” dialogynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy boldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyna garaldy. Saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag, bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan we göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalara seljerme berildi. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

16-njy iýulda Özbegistanyň paýtagtynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşindäki dördünji mejlisi boldy. Taraplar sebitiň ýurtlarynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy iýul aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Taraplar gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýän düzümiň işiniň möhümdigini belläp, kanunçykaryjylyk ulgamynda özara bähbitli tejribäni alyşmagyň hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge hyzmat edýän gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň — wise-premýer S.Berdimuhamedowyň hem-de “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaýyň duşuşygy boldy. Oňa Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation”, “Sumitomo Corporation”, “Sojitz Corporation”, “Marubeni Corporation”, “Komatsu Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries” iri, dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň uludygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýaponiýaly hyzmatdaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň, şol sanda ýurduň senagatlaşdyrylmagynda uly ähmiýeti bolan maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Tokioda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn wajyp resminamalaryň üçüsine gol çekildi, olar ulag ulgamy, suw hojalygy ulgamynda täzeçil usullary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomobil we demir ýol ulaglary düzümleri üçin zerur tehnikalary ibermek meselelerinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Tokioda saparda bolmagynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da, “Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk boýunça “Ýol kartasynda” beýan edilen ylalaşyklara laýyklykda ösdürmegiň barşyny seljerdiler.

Şeýle hem Tokioda wise-premýer S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşygy boldy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatoryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny, ähli ýapon halkyna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Imperator Naruhito, öz nobatynda, Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

S.Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň netijeli, sazlaşykly hem-de däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady. Dostlukly ýurt bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bilen duşuşygy geçirildi. Şol geçirilen gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, olaryň ähmiýeti hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini we bu ýurduň wekilçilikli toparyny Türkmenistana gelmäge, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu desga dostlukly ýurduň “Sumitomo Corparation” kompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynda gurulýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň wekiliýeti XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

26-27-nji iýulda Täjigistanda Howanyň üýtgemegi baradaky meseleler boýunça dördünji Merkezi Aziýa konferensiýasy (HMAK) geçirildi, oňa onlaýn görnüşde Türkmenistanyň wekilýeti hem gatnaşdy.

Forumyň esasy maksady  bu işde raýat jemgyýetiniň ornunyň artmagy, howa töwekgelçilikleri barada habarlylygyň ýokarlanmagy, ol töwekgelçilikleri azaltmak, Pariž ylalaşygyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sebitiň döwletleriniň has işjeň çekilmegine ýardam etmek arkaly howa babatda syýasaty amala aşyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny güýçlendirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk ädimler barada aýtdylar.

Iýul aýynyň ahyrynda Aşgabatda iki ýurduň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini berkitmek maksady bilen şu ýylyň 21-nji ýanwarynda gol çekilen Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi boldy.

Taraplar şu ýylyň martynda we maý aýynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak meselelerine seretdiler. Hökümetara resminamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary, maýadarlary çekmek boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

28-nji iýulda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Ýokary döwlet derejesindäki syýasy gatnaşyklar bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Mejlise gatnaşyjylar toparyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinden bäri ýerine ýetirilen işleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýyny seljerdiler.

Geçen aýyň wakalaryna berlen syn Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň beýany bolup, ata Watanymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz amala aşyrmak arkaly dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary, abraýly sebit düzümleri bilen dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýändigini, pugtalandyrýandygyny aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
top-arrow