Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ilki bilen, onuň Alyhezreti, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine hem-de onuň Alyhezreti, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterrişe Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertipde gatnaşdy. Bu maslahat şu gün HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlady.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
2021-nji ýylyň 14 — 16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Hökümeti Pekinde BMG-niň “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly ikinji ählumumy maslahatyny utgaşykly tertipde geçirer. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji oktýabrda bolar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň mejlisini geçirdi, ol düzümiň öňünde goýlan ileri tutulýan wezipelere bagyşlanyp, onda degişli guramaçylyk meseleleriniň hem birnäçesine garaldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýdi Aşyrgeldiýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlamak hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Kararyna gol çekdi.
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň gatnaşmagynda guralan III Ýewraziýa zenanlar forumynyň işine gatnaşdy. Gibrid görnüşde geçirilen duşuşygyň esasy mowzugy “Zenanlar: täze döwürdäki ählumumy wezipe” diýlip atlandyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.