Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
Çap edildi 14.10.2021
1997

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

2021-nji ýylyň 14 — 16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Hökümeti Pekinde BMG-niň “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly ikinji ählumumy maslahatyny utgaşykly tertipde geçirer. Maslahatyň açylyş dabarasy 14-nji oktýabrda bolar.

Häzirki wagtda COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy we onuň täze görnüşleriniň döremegi dowam edýär, dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegi çylşyrymly tapgyrdadyr. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň ählumumy durmuşa geçirilmegi bolsa uly kynçylyklara sezewar bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça ikinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu forum hemme ýurtlar üçin gatnaşyklaryň we ählumumy ösüşiň binýadyny döreder, COVID-19-a garşy göreşde dünýäde hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer hem-de dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine goşant goşar.

Sizi maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de onlaýn görnüşde çykyş etmäge höwes bilen çagyrýaryn. Ol BMG-ä agza ýurtlaryň arasynda durnukly ösüş ulgamynda tejribe alyşmak hem-de özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik diýip hasaplaýaryn. Ol COVID-19-a garşy halkara raýdaşlyga, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini bilelikde durmuşa geçirmäge hem-de ykdysadyýeti dikeltmäge hem itergi berer.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Si Szinpin,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize üstünlikler we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Pursatdan peýdalanyp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardygymyzy nygtamak isleýärin.

Size berk jan saglyk, üstünlik we abadançylyk arzuw edýärin.

Başar Al Asad,

Siriýa Arap Respublikasynyň  Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Günorta Afrika Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk arzuw edýärin hem-de pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyşýandygymy tassyklaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Matamela Siril Ramafosa,

Günorta Afrika 

Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow