Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Ataýew Wepaly Durdymuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady.
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli berýän goldawlarynyň hem-de netijeli zähmet çekmek we oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin döredilýän şertleriň netijesinde ýurdumyzyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini doly tamamladylar. Bu barada geçen hepdede Lebap, Ahal, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary buýsanç bilen hasabat berdiler.