Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Parahatçylyk döredijilik milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasydyr
Teswirlemeler
Parahatçylyk döredijilik milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasydyr
Çap edildi 02.11.2021
942

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň syn beriş makalalaryna girizilen şu ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň wajyp wakalary şanly sene — türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly boldy.

Žurnalyň daşky sahabyny “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly täze kitabyny elinde saklap duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty bezeýär. Bu kitabyň neşir edilmegi iň täze taryhymyzyň şöhratly senesiniň öň ýanynda milli Liderimiziň öz halkyna sowgady boldy.

Garaşsyzlyk her bir türkmenistanly üçin mukaddes düşünjedir. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy ýurdumyzyň öňünde köptaraply kuwwaty açmak üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Şol mümkinçilikleriň ulanylmagy häzir ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmagyň, ählumumy bähbitler ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, şol sanda şu ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň belentdiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar — iri halkara guramalar, abraýly sebit düzümleri, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýýan türkmen döwleti daşary syýasy strategiýasyny ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň mizemez ýörelgelerinde guraýar. Munuň nobatdaky subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 3-4-nji awgustynda döwlet sapary bilen Türkmenistanda bolan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren gepleşikleriniň netijeli häsiýetini agzap bolar. Bu barada žurnalyň syn berilýän sanynyň makalasynda beýan edilýär.

Emomali Rahmonyň bu saparynyň Täjigistanyň Baştutany wezipesine täzeden saýlanmagyndan soňra daşary ýurda ilkinji sapary bolmagy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetini aýdyň görkezdi. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bildirilýän ikitaraplaýyn gyzyklanmalara esaslanandyr.

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň netijeliligi, köp babatda, iki ýurduň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi babatda özara düşünişmegi, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň, şol sanda dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy saklamaga we goldamaga, halkara terrorçylyga garşy göreşmäge, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, durnukly energetikany we ulagy üpjün etmäge hem-de beýleki meselelere garaýyşlarynyň umumylygy bilen baglydyr.

Taraplar ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň parahat, durnukly ösmegini, dawaly ýagdaýlara ýol berilmezligini, hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegini, özara bähbitleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak bilen berjaý edilmegini we göz öňünde tutulmagyny üpjün edip biljek berk hem-de oňyn gurallaryň döredilmegi ugrunda çykyş edýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly hem-de utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär.

Milli Liderimiz çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Şolaryň esasy maksady bolsa häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemek üçin tagallalary birleşdirmekden hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, BMG-ä agza döwletleriň we abraýly guramalaryň wekillerini şu ýylyň dekabr aýynda — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde Aşgabatda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Milli Liderimiziň pikirine görä, şu ýyl başlanan ynanyşmak we medeni gatnaşyklar meselesi dünýä derejesinde üns merkezinde bolup, BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegine öwrülmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu resminama garalmagy hem-de onuň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Ýeri gelende aýtsak, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejedäki bu duşuşyk syn berilýän döwrüň esasy wakalarynyň birine öwrülip, žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz forumda eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen ozalky mejlisleriň syýasy gatnaşyklaryň bu görnüşiniň peýdalydygyny we ýokary netijelidigini aýdyň görkezendigini belledi. Ol birek-biregi tanamaga, oňat düşünişmäge, sebit hyzmatdaşlygynyň barşy hem-de ugry barada umumy düşünjäni kemala getirmäge, Merkezi Aziýada bolup geçýän ýagdaýlara öz wagtynda we çeýe täsir etmäge, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak bilen, ileri tutulýan milli ugurlary ýola goýmaga ýardam edýär.

Gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-biregi hormatlamagyň, doganlygyň taryhy köklerine hem-de halklarymyzyň medeni-siwilizasiýa ýakynlygyna daýanylýar. Bu mäkäm binýat geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Makalada konsultatiw duşuşygyň çäklerinde geçirilen beýleki ähmiýetli halkara çärelere, şol sanda Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna, milli önümleriň halkara sergisine we ykdysady foruma uly üns berildi. Ykdysady forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Jemläp aýdanyňda, dostluk hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçen nobatdaky konsultatiw duşuşyk sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de ösdürmäge Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň pugta syýasy erkini tassyklady.

Bu asylly maksatlar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işi üçin hem ugur görkeziji bolup hyzmat edýär. Bu gurama agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Türkmen Lideriniň ýokary derejedäki bu duşuşyga çagyrylmagy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ŞHG-niň ozalky sammitlerine hormatly myhman hökmünde ençeme gezek gatnaşmagy Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde durmuşa geçirilýän ösüşlere beslenen daşary syýasatymyzyň giňden ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, ŞHG bilen gatnaşyklaryň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlyk daşary aragatnaşyklaryň giň çäkler boýunça hem-de düzümleýin taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine ygrarly bolmaga daýanýar.

Ýurdumyz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň parahatçylygy, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek meselelerindäki jogapkärli garaýyşlaryna ýokary baha berýär.

Neşiriň “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi” bölüminde käbir döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we ýagdaýlary beýan edildi. Bular barada milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyryň ýurdumyza sapary Türkmenistanyň syýasy durmuşyndaky möhüm wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda strategik esasda ýola goýulýan we giň gerimli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň yzygiderli depgini nygtaldy. BMG Türkmenistany Merkezi Aziýadaky esasy strategik hyzmatdaşy hökmünde görýär hem-de halkara gatnaşyklarda onuň eýeleýän işjeň ornuny we başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini goldaýar.

Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini döwlet Baştutanymyz bilen daşary ýurtlaryň ýokary derejeli beýleki myhmanlary hem, şol sanda şu ýylyň iýul aýynda sapar bilen ýurdumyza gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I, Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mahmud Kureşi dagy hem geçirilen duşuşyklaryň barşynda tassykladylar.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň örän möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän açyk, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna döwlet Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur syýasy işgärleriniň adyndan gelen köp sanly gutlaglar aýdyň şaýatlyk edýär.

Neşiriň sahypalaryndan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowaýa hem bu ajaýyp waka mynasybetli gutlaglaryny we durnukly ösüş, rowaçlyk hem-de mundan beýläk-de asuda asmanyň üpjün edilmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Geçen 30 ýylda Türkmenistanyň öz döwletliliginiň berk esaslaryny goýup, syýasy durnuklylygy üpjün edendigi, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanandygy nygtaldy. Bu üstünlikler halkara wehimleri hem-de meseleleri çözmäge uly goşant goşýan ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň girewi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Bu topar halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek üçin halkara diplomatiýanyň täze guraly bolup durýar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine ýokary baha berdi. Ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň, ilkinji nobatda, syýasy erkiň, ykdysady taýdan maksadalaýyklygyň, daşary syýasatda gabat gelýän ileri tutulýan ugurlaryň, umumy medeniýetiň bardygyny belledi.

ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor esasy ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subai Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge alan ugruny göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň örän uly köptaraply kuwwatyny durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Üstünlikli durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalar taraplaryň tagallalary bilen, uzak möhletleýinlik, strategik häsiýet berlen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary netijelidiginden habar berýär. Durmuşa geçirilen şeýle taslamalaryň soňkularynyň hatarynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurlan häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy bar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň öz makalasynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taslamalar tüýs ýürekden guwanç duýgusyny döredýär.

S.Lebedew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Arkalaşygyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen resminamalaryň, ilkinji nobatda, Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň GDA agza döwletleriň ykdysady gatnaşyklarynyň gurluşyny berkitmäge hyzmat edendigini belledi.

HHR-iň daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky kökleri asyrlaryň jümmüşine — Beýik Ýüpek ýoly döwürlerine uzap gidýän, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetlidigini belledi. Makalada iki ýurduň Liderleriniň ýolbaşçylygynda döwletara gatnaşyklaryň döwrüň täze röwşüne eýe bolýandygy hem-de ähli ulgamlarda ynamly ösdürilýändigi nygtalýar.

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, TRASEKA Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew, Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Haýns Koller 27-nji sentýabrda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläp geçen Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin açylýan mümkinçilikler baradaky garaýyşlaryny žurnalyň okyjylaryna ýetirdiler.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren umumy sapagy, çagalaryň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýurdumyzyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky makalalar köp sanly okyjylar üçin uly gyzyklanma döreder.

“Diplomatik durmuşyň täzelikleri” diýen bölümde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň agzalarynyň daşary ýurtlara hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň we iri abraýly guramalaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlary, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleri, telefon arkaly söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly gepleşikler, şeýle hem şu ýylyň üçünji çärýeginde geçirilen maslahatlar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar barada yzygiderli tertipde gysgaça hasabatlar beýan edilýär.

Soňky habarlar
03.12
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
03.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
02.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.12
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetini döretmek bellenildi
02.12
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi
02.12
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat