13.05 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli, bu ýurduň Döwlet ýolbaşçylaryna gynanç bildirmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi.

13.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13.05 2022

Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

13.05 2022

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris.

13.05 2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

13.05 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

13.05 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçe käýinç yglan edildi.

13.05 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

13.05 2022

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogy öz işine başlady.

13.05 2022

Sizi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça dialogynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we onuň işine üstünlik arzuw edýärin.

1515 sahypa
Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy