Şu gün Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlisi geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi.
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk türk halkyna ýurduň milli baýramy — Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ozaly bilen, ajaýyp Türkmenistana amala aşyran resmi saparymyzyň barşynda maňa hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen aýratyn üns, tüýs ýürekden myhmansöýerlik üçin hoşallygymy beýan edýärin.