Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
Jemgyýet
Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär
Çap edildi 28.10.2022
1827

Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy sebitiň ekologik abadançylygynyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ginnesiň rekordlar kitabyna Türkmenistanyň birnäçe özboluşly milli desgalarynyň we gazananlarynyň, ýurdumyzda geçirilen çäreleriň girizilendigini bellemek gerek. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy şol çäreleriň hataryndadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň, onuň üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşdy. Halkymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi häzirki wagtda-da öňdebaryjy usullar we tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, netijeli peýdalanylýar. Şunda ekologik ugur möhüm şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, hususan-da, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de toplumlaýyn maksatnamalar bu ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda badalga berlen bu özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Daşky gurşawa aýawly garamak Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talapdyr. Şu günki okuw sapagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäriniň miweli baglaryň we üzümçilikleriň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň daş-töwereginiň ekologik ýagdaýyna edýän täsiri baradaky çykyşy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda üzümçiligiň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň şeýledigi ençeme gezek arheologlaryň ylmy barlaglary bilen tassyklanyldy. Häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumynyň bu geljegi uly pudagyna täze itergi berildi. Türkmen topragynda bu ösümligiň dürli görnüşi üstünlikli synagdan geçirildi. Munuň özi üzümiň islendik görnüşini ýetişdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Ýurdumyzyň seçgiçileri tarapyndan üzümiň tagamy we beýleki degişli hil görkezijileri bilen tapawutlanýan onlarça görnüşi döredildi.

Ahal welaýatynda-da üzümçiligiň we miweçiligiň gadymy däpleri dowam etdirilýär. Bu sebitiň ýerli toprak-howa şertleri üzümiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň üzümçilikleriniň aglaba bölegi bu ýerde ýerleşendir. Bu ugurda alnyp barylýan işler Diýarymyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem saldamly goşant goşýar.

Mälim bolşy ýaly, bu meselä uly üns berýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna şu ýyl amala aşyran iş saparlarynyň birinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirliginiň sebitiň täze edara ediş merkeziniň günbatar tarapynda ýerleşen üzümçiliklerini, ekin meýdanlaryny synlady hem-de bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Şonda Gahryman Arkadagymyz müdirligiň synag meýdançasynda ýetişdirilen üzümiň täze görnüşine at dakdy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Dile geldi — bile geldi” pähimine salgylanyp we bu ýerden Kärizek obasynyň görünýändigini aýdyp, üzümiň täze görnüşini “Kärizek” diýip atlandyrmagy teklip etdi hem-de bu ýerde miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatly gurşawyň, çeşmeleriň bardygyny aýratyn belledi.

Üzümçilik barada aýdylanda, pudak hökmünde onuň işi üzümi ter görnüşinde sarp etmäge, gaýtadan işlemäge we ondan dürli önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Bu köptapgyrlaýyn iş ylmy barlaglary, seçgiçiligi hem-de üzümi ösdürip ýetişdirmegi özünde jemleýär. Üzümçilik türkmen ekerançylygynyň geçmişde ýörgünli ugry bolup, häzirki wagtda-da oba hojalyk önümçiliginde ähmiýetini ýitirmän saklap gelýär. Üzümiň irki görnüşleri, şol sanda bidäne görnüşleri eýýäm tomsuň başynda ýetişýär. Bu miwäni ýurdumyzyň bazarlarynda güýzüň soňky aýlaryna çenli, durumly görnüşlerini bolsa gyşyna-da tapmak bolýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw sapagynda üzümi ösdürip ýetişdirmäge we oňa ideg etmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Bol hasyl almak üçin her bir ýagdaýy, şol sanda üzümiň her bir görnüşiniň tapawutly aýratynlyklaryny, ony ýetişdirmegiň usullaryny hasaba almak, degişli agrotehniki kadalary berk berjaý etmek zerurdyr.

Ýeri gelende aýtsak, witaminlere we mikroelementlere baý bolan üzümiň, ony gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriň adam saglygyna oňyn täsir edýändigi tassyklanyldy. Üzüm ýürek-damar ulgamyny, umuman, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmakda, dürli keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Bulardan başga-da, bu ýere ýygnananlar miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň esaslary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, erik bilen şetdalyny sapmak usuly görkezildi. Bu işiň maksady bir ösümligiň baldagyny beýleki ösümligiň baldagynda ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň netijesinde agaçlaryň hasyllylygy ýokarlanýar, miweleriniň tagamy gowulanýar.

Okuw sapagy tamamlanandan soňra, diňleýjilere — hünärmenlere alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmak mümkinçiligi döredildi. Olar üzüm nahallaryny ekmäge gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu ýerde üzümiň “gara kişmiş” görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy. Munuň özi açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle giň gerimli okuw sapagynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmegi teklip etmek meýilleşdirilýär.

Ekologiýa baradaky gürrüňi dowam edip, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugurda yzygiderli amala aşyrylýan milli strategiýanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary hem-de dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlary, BMG-niň tebigaty goramak babatda tassyklanan resminamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda bu ulgamy düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk binýady kemala getirildi we yzygiderli kämilleşdirilýär, biodürlüligi gorap saklamak, täze tokaý we seýilgäh zolaklaryny döretmek, “ýaşyl” ykdysadyýeti hem-de ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetiň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzda giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy ählumumy göreşe goşulýan anyk goşantdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan we ýerleriň melioratiw meselelerini çözmekde innowasion çemeleşmelere, ylmyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan iri suw hojalyk taslamalaryny Türkmenistanyň tebigaty goramak ulgamynda alyp barýan toplumlaýyn işleriniň aýdyň mysallary hökmünde getirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň ähmiýetini bellemek gerek. Bu deňi-taýy bolmadyk gidrotehniki desga diňe bir Garagum sährasynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň hem ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirýär, möhüm durmuş-ykdysady meseleleriň, şol sanda suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, çöllük ýerlerini özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek meseleleriniň çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, oňa milli baýlyk hökmünde aýawly garamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynda we ägirt uly düzümleýin taslamalarda öz mynasyp beýanyny tapýar.

Soňky habarlar
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
top-arrow