Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we mähriban halkymyza
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, türkmen alabaýynyň janköýerlerine we mähriban halkymyza
Çap edildi 28.10.2022
1545

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size mähriban halkymyzyň göz-guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Dünýäniň iň gadymy itleriniň biri hasaplanýan türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Türkmen alabaýlary eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Olaryň dünýädäki meşhurlygy barha artýar.

Hormatly itşynaslar!

Garaşsyz ýurdumyzda gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, täze derejelere çykarmaga uly mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän türkmen alabaýlarynyň merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslarymyz üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredildi we döredilýär.

Ýurdumyzda bu örän möhüm pudak üçin ýörite hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmen itşynaslary tarapyndan milli buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Geljekde-de ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen özara tejribe alyşmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, itşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berler.

Hormatly itşynaslar!

Gadymy türkmen topragynda merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz il-günümiziň köňül buýsanjydyr. Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Merdana ata-babalarymyz milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda hemişe mertligiň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanlaryny görüpdirler. Türkmen alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr.

Eziz watandaşlar!

Hormatly itşynaslar!

Sizi ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şan-şöhraty dünýä dolan edermen alabaýlarymyzyň şanyna uly dabara beslenip bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen itşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow