Bişkekde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri ýene üç – bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmen samboçylary Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan beýleki oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri tamamlandy. Ol dostlukly halkyň döwrebap aýdym-sazlary we kinematografiýasy, onuň baý däp-dessurlary bilen tanyşmak çärelerini özünde jemledi.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy.
Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, kärendeçi daýhanlaryň netijeli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.