Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi
Çap edildi 13.11.2022
3505

Şu gün paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde ýurdumyzda giňden bellenilýän hem-de ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Düýn ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine uly goşant goşan kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýyl oba zähmetkeşleriniň uly üstünliklerine beslendi. Ýurdumyzda pagtanyň bol hasyly ýygnaldy. Türkmen gallaçylary azyklyk bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli berjaý edip, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar 1 million 500 müň tonna golaý bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar. Gök, miwe we bakja önümleriniň hem bol hasyly ýygnalyp alyndy. Hasyl toýunyň öň ýanynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary “ak altyn”, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa şaly ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime deň boldy. Gök önümleri öndürmek boýunça meýilnama 118 göterim, bakja ekinleri boýunça 110,1 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça meýilnama 105,3 göterim berjaý edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bir bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň täzeden enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň gurluşygyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri şeýle goldawyň esasy bölekleriniň biridir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary we abzallar bilen enjamlaşdyrmak, dünýäniň belli kompaniýalarynyň öndüren bugdaý orujy we pagta ýygyjy kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde oňyn tejribe toplandy. Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” we “Garabogazsulfat” önümçilik birleşikleriniň, Garlyk kaliý magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurulmagy netijesinde, oba hojalyk pudagyny ýokary hilli mineral we himiki serişdeler bilen üpjün etmegiň ygtybarly binýady döredildi.

Häzirki wagtda pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesiniň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda ýakyn geljek üçin pudagyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, obasenagat toplumynda ýer kadastrynyň, sanly ulgamyň hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljerme meýdançasynyň dörediljekdigini belledi. Ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryna “akylly” tehnologiýalar, şol sanda dürs ekiş usullary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik maksatlaryndan ugur alnyp, ylmy-barlag edaralary tarapyndan, şeýle hem oba hojalygyny ylma esaslanyp ösdürmek, maldarçylykda işleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, mallaryň baş sanyny we guşlaryň sanyny artdyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda seçgiçilik işini ösdürmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça binýat kemala getiriler. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli, kesellere we zyýankeşlere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan sortlaryny peýdalanmak bol hasylyň binýadyny düzýär. Şunda oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň alymlarynyň, hünärmenleriniň goşandy uludyr. Seçgiçilik we tohumçylyk işini ösdürmek, dürli ekinleri ýetişdirmegiň agrotehniki kadalaryny kämilleşdirmek olaryň öňünde durýan esasy wezipelerdir.

Şu möwsümde ýurdumyzyň ýüpekçileri döwlet harmanyna dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragyny tabşyryp, pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Häzirki wagtda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny öndürmek hem-de oba hojalygynyň beýleki ugurlary işjeň ösdürilýär. Bu giň gerimli işlere ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, olar ýokarda görkezilen ugurlar boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýärler. Ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmek geljegi uly ugurlaryň biridir, welaýatlarda olaryň sany yzygiderli artdyrylýar.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, häzirki zaman maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, azyk önümlerini öndürmek boýunça kärhanalar, sowadyjy we suw arassalaýjy desgalar guruldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Suw hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Suw üpjünçiligi meseleleri boýunça hökümet toparynyň işiniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny almagyň, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde suwarymly ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

Türkmenistan gurak zolakda suwdan peýdalanmak babatda örän uly tejribe toplamak bilen, bu ulgamda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň öň hatarlarynda barýar, beýleki döwletleri hem suw serişdelerine aýawly çemeleşmäge çagyrýar. Garagumuň jümmüşindäki, hakykatdan-da, innowasion häsiýetli, Türkmenistanyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, tutuş sebitiň ekologik abadançylygyna oňyn täsirini ýetirer.

Tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynda Milli tokaý maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň ähli ilaty diýen ýaly işjeň gatnaşýar. Bag ekmek boýunça ählihalk çäreleri asylly däbe öwrüldi. 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Häzirki wagtda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan bu işleriň netijeleri — Watanymyzyň dürli künjeklerindäki giň çäkleri öz içine alýan, adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary, seýilgähler we seýilbaglar gözüňi dokundyrýar.

...Hasyl toýunyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maslahatlar, sergiler we ýarmarkalar guraldy, olar türkmen topragynyň sahawatlylygyny beýan edýär. Däp boýunça türkmen paýtagty dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýere ýurdumyzyň öňdebaryjy hojalyklarynyň wekilleri ýygnandylar. “Mekan” köşgüniň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk çärelerine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. Dabaralara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Watanymyzy, bol hasyly ýetişdirýän oba zähmetkeşlerini wasp edýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary Hasyl toýunyň dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň şanyna ählihalk tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýän Hasyl toýunyň aýratyn ähmiýeti nygtalýar. “Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň subutnamasydyr. Ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr” diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize sowgat hökmünde Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň berilmegi baýramçylyk dabaralarynyň möhüm wakasy boldy. Ady rowaýata öwrülen meşhur Garlawajyň nesil ugruna degişli ikiýaşar bu bedew Meleguşuň we Durmuşyň neslindendir.

Dabara gatnaşyjylar bu ugurda alnyp barylýan işler, oba hojalyk işgärleri hakyndaky aladalary, olaryň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdiler.

“Mekan” köşgüniň ýanynda obasenagat toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan sergi guraldy. Ugurdaş düzümler tarapyndan taýýarlanylan oba hojalyk önümleriniň özboluşly gözden geçirilişinde pagtany, gallany, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemekden alnan önümleriň, şeýle hem azyk we dokma senagaty harytlarynyň nusgalary görkezildi. Sergide “ak altyny” gaýtadan işlemek ulgamynda ýetilen sepgitlere aýratyn üns berildi. Türkmenistan ekerançylygyň örän möhüm pudagy bolan pagta hasylyny ýetişdirmegiň gadymdan gelýän ýörelgelerini dowam etdirmek bilen, onuň ýokary hilli görnüşlerini öndürmekde dünýäde öňdebaryjy döwletleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 60-dan gowrak dokma kärhanasynda nah matalaryň we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, tüýjümek we jins matalar, häzirki zaman dizaýnerçilik we tehnologik çözgütleri esasynda olardan taýýarlanylan önümler çykarylýar, şeýle-de dünýä bazarynda uly islege eýe bolan nepis el halylary dokalýar.

Bu ýerde esasy oba hojalyk ekinleriniň baý genofondy, ýurdumyzyň tohumçylyk pudagynyň mümkinçilikleri barada düşünje almak, türkmen seçgiçileriniň tutanýerli zähmetiniň netijeleri hem-de ýerli toprak-howa şertlerinde netijeliligini görkezen sortlaryň nusgalary bilen tanyşmak mümkindir. Ýurdumyzyň çörek we çörek önümlerini, beýleki azyk harytlaryny öndürijileriniň diwarlyklary hem baýramçylyk görnüşinde bezelip, gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Welaýatlaryň sergi meýdançalarynda guralan ak öýlerde senetçileriň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň nepis işleri görkezilýär. Bu ýerde myhmanlara duz-çörek, milli aşhananyň tagamlary hödürlenilýär.

Çeper elli zenanlaryň, milli saz gurallaryny ýasaýan ussalaryň işleýişlerini synlap, halkymyzyň medeni mirasynyň köpasyrlyk ýörelgeleri barada maglumat alyp bolýar. Şeýle hem keçe taýýarlamak üçin ýüň saýmagyň usullaryny, türkmenleriň zergärçilik we halyçylyk sungatynyň önümleriniň döredilişini synlamak mümkindir. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde mesgen tutan guşlaryň dürli görnüşleri, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly hemrasy we dosty bolan alabaýlar sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Milli medeniýetimiziň, gadymy ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň ruhuny özünde jemleýän bagşy-sazandalaryň çykyşlary baýramçylygyň dabarasyny belende göterdi.

Milli gymmatlyklaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi “Mekan” köşgüniň ikinji gatynda guraldy. Olar oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, iş-aladalaryny hem-de baýramçylyk dessurlaryny açyp görkezýär. Türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärleri ekerançylaryň tutanýerli zähmetine, Watanymyza, milli mirasymyza, ajaýyp ahalteke bedewlerine hem-de gaýduwsyz, wepaly alabaý itlerine bagyşlan iň gowy eserleri bilen serginiň döredijilik diwarlyklaryny bezediler.

“Mekan” köşgüniň mejlisler zalynyň sahnasynda ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen täze döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly öňe barýan ata Watanymyzy, merdana oba zähmetkeşlerini wasp etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda dabaralar Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we möhüm wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, Agrar partiýanyň, hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri we telekeçiler, alymlar, bu ugur boýunça bilermenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ylmyň gazananlaryny hem-de seçgiçiligi peýdalanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza oba hojalyk işgärleri baradaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, obadyr şäherlerinde hem dabaraly duşuşyklar, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak çäreleri, konsertler, sport ýaryşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow