Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Oba hojalygy pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy
Jemgyýet
Oba hojalygy pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy
Çap edildi 12.11.2022
1747

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan beýleki oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, şu ýyl has ýokary netijeleri gazanandygy üçin döwlet sylaglaryna mynasyp bolan oba hojalyk işgärleriniň sarpalanylmagy öz tejribesini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyza hyzmat etmek ýaly belent maksada gönükdirýän hem-de ýaşlar üçin görelde bolan öz işiniň ussatlaryna aýratyn hormatyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde zähmetde aýratyn tapawutlanyp, üstünlik gazanan oba hojalyk işgärlerini Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Asylly däbe görä, Hasyl toýunyň öň ýanynda geçirilýän bu dabara oba hojalyk işgärleriniň netijeli zähmet çekmegi, abadan durmuşda ýaşamagy, olaryň başlangyçlarynyň höweslendirilmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezýär.

Ýurdumyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan ekerançylygynyň baý medeniýeti häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ösüşiň täze derejesine çykaryldy. Topragyň hasyllylygy ýokarlandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalary we enjamlary satyn alynýar, tohumçylyk, ekinleriň sortlaryny synagdan geçirmek, täze ýerleri özleşdirmek, ýokary tehnologiýalary hem-de ylmy işläp taýýarlamalary ulanmak esasynda önümleri gaýtadan işlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek we olaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, önümçilige öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, şol sanda gowaçanyň, baglaryň, üzümiň damjalaýyn usulda, däneli we iýmlik ekinleriň sepelenme görnüşde suwarylmagyny giňden ornaşdyrmak üçin uly möçberli maliýe serişdeleri gönükdirilýär.

Türkmenistanda ekerançylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti, olaryň ýyl-ýyldan gymmatly oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda, bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny almaklary babatda ähli zerur şertler döredilýär. Ekerançylar mineral dökünler, tohumlar we zyýankeşlere garşy göreşmek üçin himiýa serişdeleri bilen üpjün edilýär. Oba hojalyk önümleriniň satyn alnyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar ulgamy kämilleşdirilýär. Netijede, önümçiligiň möçberi barha artdyrylýar hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýady pugtalandyrylýar.

Şeýle-de ylmy seçgiçilige, pagtanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly täze etraplaşdyrylan sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, oňa ekerançylygyň häzirki zaman usullaryny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, anyk çäreler geçirilýär. Kärendeçi daýhanlar we daýhan birleşikleri, işewürlik işlerini alyp barýan telekeçiler oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, olary saklamak, daşamak we ýerlemek bilen meşgullanyp, içerki bazary dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün edýärler. Şeýle-de olar ýokary hilli azyk önümleriniň içerki bazardan artan bölegini daşarky bazarlara ibermäge mümkinçilik aldylar.

Häzirki wagtda bu pudagy tehniki hem-de tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleriniň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, innowasion esasda amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Hususan-da, meýdanlarda ulanylýan “John Deere” (ABŞ) we “Claas” (Germaniýa) kysymly ýokary öndürijilikli tehnikalary dolandyrmagyň telematiki sanly ulgamyna tapgyrlaýyn geçilýär. Bularyň ählisi, umuman, Türkmenistanyň tebigy we ýer-suw serişdeleriniň kuwwaty oba hojalyk pudagyny ýokary depginlerde ösdürmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary ykdysady görkezijileri gazanmak arkaly döwletimiz öňdebaryjy ekerançylyk medeniýetiniň ýurduna öwrüldi. Sahawatly türkmen topragy barha özgerýär, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen onuň her bir künjegi gülzarlyga öwrülýär.

...Şu günki dabara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ugurdaş düzümleriň we kärhanalaryň taýýarlamagynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda guralan sergide pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň, däneçilik pudagynyň, azyk senagatynyň önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Sergä gelýänlerde dürli ekinleriň, şol sanda şalynyň we mekgejöweniň, bakja, miwe hem-de gök önümleriň ýerli toprak-howa şertlerinde netijeliligini görkezen tohum serişdeleri uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle-de tamdyrda bişirilen çörekler, pişmeler we beýleki milli tagamlar görkezildi. Zähmetsöýer ekerançylaryň yhlasly zähmeti bilen öndürilen dürli görnüşli önümleri, hususan-da, bakja, miwe, ter gök önümleri sergini bezedi. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň bazarlarynda alyjylara hödürlenilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinden paýtagtymyza gelen oba hojalygy ulgamynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Ol ýerde dabaraly ýagdaýda oba hojalyk işgärlerini “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy. Şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdiren işgärlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagynyň işgärlerine hem-de obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmelere berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň strategik taýdan ähmiýetli bu pudagyny kämilleşdirmek, oba ilatynyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, olaryň mynasyp durmuşy hem-de netijeli zähmeti üçin ähli şertleri döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň her bir ýylynyň şöhratly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýändigi bellenildi, olar Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr.

Öňdebaryjy kärendeçiler, oba hojalykçy alymlar, mehanizatorlar mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç duýgusy bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyza öz işlerine beren ýokary bahasy, hemişelik aladasy üçin hoşallyk bildirdiler hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde ähli tagallalary etjekdiklerine we täze zähmet ýeňişleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Olar halk we häzirki zaman aýdym-sazlaryny, joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler. Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň dürli öwüşginleri beýan edildi. Milli sungatymyzyň özboluşly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor toparlarynyň çykyşlary joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere bagyşlanan aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow