Geçen aý netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalar bilen ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşgin çaýdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä «Şowi» şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň ýedinji sany hem okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammite we beýleki möhüm wakalara beslenen geçen hepde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, parahatçylyk, ösüş we özgertmeler ýaly ählumumy maksatlara gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy.
Mundan beýläk «taraplar» diýlip atlandyrylýan, öz döwletleriniň adyndan Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri,