Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Çap edildi 02.09.2026
17

2-nji sentýabrda Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bugdaý ekişine başlamagyň senesini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bereketli we bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Göwnejaý taýýarlanan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, ýaşulular we olaryň ýaş kömekçileri ekiş nobatyny mehanizatorlara berdiler.

Ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen ekin meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen taýýarlandylar. Ekişe bugdaýyň ýokary hilli tohumlary, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary öňünden taýýar edildi.

Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda hem uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemek gerek. Döwletimiz tarapyndan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Şeýle özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary, saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum, tehnikalar, suwaryş suwy we beýleki wajyp serişdeler bilen üpjün edilýär.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli ähli welaýatlarda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň döwrebap usullarynyň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagy ekerançylara ekişi bellenilen möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.

Ýygnananlar oba zähmetkeşleri barada edýän yzygiderli aladasy, Watanymyzyň gülläp ösmegine we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň has-da ygtybarly binýadynyň kemala getirilmegine uly goşant goşýan gallaçylaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de pudakda ulanylýan degişli tehnikalaryň sergileri guraldy. Bu waka mynasybetli welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlary baý mazmunly konsert maksatnamasyny taýýarladylar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow