Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň ýedinji sany hem okyjylara gowuşdy. Gysga wagtda okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan žurnalyň täze sany ajaýyp döwrümiziň ýaşlaryň ykbalyndaky ornuna we türkmen ýaşlarynyň, ýetýän belent sepgitlerine bagyşlanýar.
29-njy iýunda birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen Arkadag şäheri baradaky makalalar žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalaryndan başlap, öz beýanyny tapýar. «Ýaşlar öz şäherini dünýä çykarýar» atly redaksion makalada adybir teleýaýlymyň, gazetiň we futbol toparynyň täze şäheriň adyny dünýä çykarjakdygyna ynam bildirilýär.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berlen ilkinji günlerinde ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň ýaş wekilleriniň bir topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramaçylygynda şähere döredijilik saparyny guradylar. Şol saparyň täsirleri «Arkadag şäheri ― ýaşlaryň ylham joşguny» atly makalada öz beýanyny tapýar.
Neşiriň täze sanynda rus dilinde ýerleşdirilen makalada Arkadag şäheriniň sport mümkinçilikleri barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň täze sanyndaky «Taryhy döwrüň tarypa mynasyp eserleri» atly makala «Arkadag şäheri ― geljegiň şäheri» we Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitaplaryna bagyşlanýar.
Žurnalyň ýaş alymlaryň ylmy gözleglerine bagyşlanan makalalar toplumynda «Tiz bellik» programmasy hem-de iri şäherlerde mobil aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmaga bagyşlanan netijeli gözlegler barada gürrüň berilýär.
«Arkadag» ― sebitde iň netijeli topar» atly makala «Arkadag» futbol toparyna bagyşlanýar. Makalada getirilen maglumatlar «Arkadag» futbol toparynyň şu ýyl Merkezi Aziýada möwsüme iň netijeli başlan topardygyny aýdyň görkezýär.
Neşiriň ilkinji sanyndan bäri dowam edip gelýän ýörelgä görä perzent terbiýesine bagyşlanan makalalaryň birnäçesi okyjylar bilen paýlaşylýar. «Türkmen sungatynyň parlak ýyldyzy» atly makala bolsa Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewanyň döredijiligine bagyşlanypdyr.
Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesiniň jemleri barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir.
Neşiriň täze sanyndan boýun baglar baradaky iňlis dilindäki täsirli makalany hem okap bilersiňiz. Arkadag şäherine bagyşlanan fotokollaž neşiriň täze sanyna öwüşgin beripdir.