Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeni syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze, döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, zehinli aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny barha ösdürmek hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, milli sungatymyzyň aýdym-saz ugrundan döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy. Elektron neşiriň ýubileý sany onuň şu ýyldaky sekizinji sanyna gabat geldi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly beýik ösüşlerini, dünýädäki belent şan-şöhratyny, agzybir halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny joşgunly wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde siziň uly üstünlikleri gazanjakdygyňyza ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli halkyna Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Emin Ýegenmyradowiç Aşyrowy Balkan welaýatanyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanowy Balkan welaýatanyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy.