Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi
Jemgyýet
«Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan edildi
Çap edildi 16.11.2024
562

Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. 

Forumyň çäklerinde «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we olara gymmat bahaly sowgatlary hem-de diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. 

Ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmagyň depginini artdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalar bäsleşigine ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşikde köp sanly täze innowasion taslamalar görkezildi. Häzrki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bäsleşigiň jemleriniň jemleniş dabarasynda bular dogrusynda durlup geçilip, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak we olary ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak we höweslendirmek boýunça «Sanly çözgüt – 2024» atly bäsleşigiň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi we bu gün onuň jeminiň «Türkmentel-2024» halkara sergisiniň çäklerinde jemlenilýändigi nygtaldy hem-de bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olara gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy. 

Hünär bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym we bilim, elektron senagaty, ulag we logistika, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy, robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi. 

Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiya we Informatika Institutynyň talyby Baýnazar Muhammedow PECS cards adaty däl adamlara habarlaşmak üçin programma işi bilen birinjiligi eýeledi.

Emeli aň ugry boýunça Türkmenistanyn Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Şatlyk Şöhradow birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin ýedi sany dürli keseller boýunça Emeli aň kömegi bilen kesel anyklaýyş we saglygy dikeltmek işlerini ýerine ýetirýän programmany bäsleşige hödürledi.

Bäsleşigiň robototehnika we awtomatizasiýa ugrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili Ýazmuhammet Agamyradow keramikada we gurlyşykda ulanylýan tazeçil görnuşli 3d printer taslamasy bilen tapawutlandy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty wekili Alýoş Amanow plastiki zyňyndylary ýygnaýan we sanly ulgam arkaly dolandyrylýan “Akylly gämi” taslamasy bilen bäsleşikde Akylly oba hojalyk tehnologiýalary ugry boýunça ýeňiji boldy.

Smart City ugrunda 140-njy orta mekdebiň okuwçysy Emir Şammaýew birinji orna mynasyp boldy. Ýaş zehin bäsleşige ýöranide basyşdan elektrik toguny alýan enjamy hödürledi.

Bäsleşigiň bilim we elektron okuw ugry boýunça Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Institutynyň weikili Arslan Bäşimow tebigy taryhy medeni ýadygärlikleri fotogrometriýanyň esasynda öwrenmek taslamasy bilen ýeniji boldy.

Aşgabat şäheriniň 129-njy orta mekdebiniň okuwçysy Artur Bahtyýarow bäsleşigiň hyzmatlar ulgamy ugrynda «Tick» sosial ulgam we messenjer işi bilen birinjiligi eýeledi.

Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda ähmiýetlidir. Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredilýär. Degişli Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň tagallasy netijesinde, sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçiliginiň programmasy ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň degişli Maksatnamasynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak, döwrüň talabyna laýyklykda, olaryň degişli milli we halkara ölçeglerine kybap gelmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny hemişe belleýär. 

Soňky habarlar
30.11
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
top-arrow