Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen tennisçileri —«Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!
Sport
Türkmen tennisçileri —«Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri!
Çap edildi 16.11.2024
536

Şu gün paýtagtymyzda Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip ýurdumyza gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýapylyş dabarasy boldy.

Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.

Hususan-da, Nazar Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegow birinji belgide çykyş edýän Süleýman Hudaýberdiýewden we Emirhan Rustamowdan 2:6, 6:1, 10:5 hasaby bilen üstün çykyp, ajaýyp ýeňiş gazandylar. 2 sagat 15 minut dowam eden final oýnunyň iki tapgyrynda berlen goşmaça wagtda olar Ýunus Annamyradowdan we Aly Geldiýewden ybarat başga bir topardan 7:6 (7:4), 7:6 (7:4) hasabynda üstün çykyp, birinji orny öz atlaryna ýazdyrdylar. Ý.Annamyradow bilen A.Geldiýew bolsa kümüş medalyň eýeleri boldular. Olar ýarym finalda malaýziýaly türgenler Garet Lim Hao Çžeden we Jeýkob Wongdan 6:1, 6:3 hasabynda üstün çykmagy başardylar.

Gyzlaryň arasynda jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşlarda, garaşylyşy ýaly, birinji belgide çykyş eden türkmen tennisçileri Ilima Guseýnowa bilen Aýlar Kakabaýewa öňdeligi eýeledi. Olar ildeşleri Aýnur Annamyradowa bilen Näzli Hudaýkulyýewadan 6:4, 6:1 hasabynda üstün çykdylar. Ýekeleýin görnüşde gyzlaryň arasynda geçirilen oýunlarda türkmen tennisçileri ähli baýrakly orunlary eýelediler. Şunda jübütleýin görnüşdäki ýaryşyň ýeňijileri Ilima Guseýnowa bilen Aýlar Kakabaýewa baş baýrak ugrunda öz aralarynda bäsleşdiler. Ilima Guseýnowa oýnuň iki tapgyrynda 6:3 we 6:1 hasaby bilen öňe saýlandy hem-de ikinji gezek hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Üçünji orun ugrunda geçirilen ýaryşda Näzli Hudaýkulyýewany 4:2, 3:5, 5:4 hasabynda ýeňmegi başaran 11 ýaşly Sülgün Işangulyýewa bürünç medal gazandy.

Ýekeleýin görnüşde oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ikinji raketkaçysy Süleýman Hudaýberdiýew final ýaryşynyň ýeňijisi Muhammad Hasan Usmaniden (Pakistan) 1:6, 0:6 hasabynda ýeňlip, kümüş medaly eýeledi. Malaýziýaly Garet Lim Hao Çže öz ildeşi Jeýkob Wongy ýeňip, 3-nji baýrakly orundan paýly boldy.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallarydyr şahadatnamalary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Tennisçilerimiziň gazanan üç ýeňşiniň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy hem-de Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy.

Şeýlelikde, «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň maksatnamasynyň dört görnüşiniň jemleri boýunça ildeşlerimiz baýrakly orunlaryň 8-sini eýelediler. Türkmen tennisçileriniň şu gazanan üstünlikleri ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Geçen ýyl paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek üstünlikli geçirilendigini hem bellemek gerek. Şol ýaryşda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýaş türgenleri özara bäsleşdiler. Halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny berkidýän Türkmenistan bu gezekki ýaryşy hem üstünlikli geçirdi.

Ýurdumyza gelen sport wekiliýetiniň ýolbaşçylarynyň bellemeklerine görä, Aşgabat şäheri tennis boýunça ýaş oglan-gyzlaryň arasyndaky bäsleşikleri däl, eýsem, ATF-nyň ýokary derejeli iri ýaryşlaryny geçirmäge hem mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen gurlan, häzirki zaman sport desgalaryny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesiniň möhüm ähmiýetini nygtamak gerek. Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip ykrar edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr.

Halkara tennis ýaryşy üstünlikli geçirildi. Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili SeýedAmir Borghei ýapylyş dabarasynda hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýaryşy geçirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin hoşallyk bildirdi.

«Ashgabat Open 2024» ýaryşyna gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Munuň özi halkymyzyň baý taryhy mirasy we özboluşly däp-dessurlary, sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredilen ak mermerli Aşgabadyň gözellikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanlylaryň öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyran bu ýaryş Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejedäki iri ýaryşlary üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek tassyklady. «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda bu sport ýaryşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge döredilen mümkinçilikler we goldaw-hemaýat üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
30.11
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
top-arrow