Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Syýasat habarlary
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Çap edildi 16.11.2024
948

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar.

Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilýän bilelikdäki taslamalar bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hödürnamalarynyň sanynyň artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji oktýabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän ýylyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Gadymy Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikde teklip eden «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasyny, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Gazagystan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamasynyň çäklerinde «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalaryny, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasyny we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlaryny bu abraýly sanawa girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda bolsa Aşgabat “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.

Mejlisiň dowamynda dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri geljek nesiller üçin gorap saklamak babatda üstünlikli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şeýle çäreler taryhy ýadygärlikleri bir durkunda saklamak, abatlamak, ylmy barlaglar, taslama we önümçilik işleri bilen baglanyşykly çäreleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan taýýarlanylan ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ilkinji gezek çap edildi.

Mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada hem pikir alşyldy.

Soňky habarlar
10.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.03
Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.TOKAÝEWE
10.03
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
10.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 355 müň dollaryndan gowrak boldy
09.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
08.03
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pudagara topary döredildi
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
top-arrow