01.04
2015
Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
01.04
2015
Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde mähriban topragymyzda asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.
31.03
2015
Türkmenabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenabat şäheriniň 5-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty boldy. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinden sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň 80-e golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, medallar ugrundaky esasy göreş aşgabatlylaryň we ýer eýeleriniň arasynda ýaýbaňlandyryldy.
31.03
2015
1-nji aprelde — Türkmenistanda uly möçberli çäre —“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygy badalga alýar.
31.03
2015
Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Sapar bilen türkmen paýtagtynda bolýan Şweýsariýanyň suw serişdeleri meseleleri boýunça ýörite wekili jenap Wilgelm Maýer we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Paskal Ebişer şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.
31.03
2015
Aşgabat, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
30.03
2015
Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýelemek bilen, “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de bu ýangyjyň dünýäde energiýa serişdeleri babatda uly isleg bildirýän iri bazarlara ýetirilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen energetika strategiýasyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär.
30.03
2015
Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.03
2015
Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly sport ýaryşlarynyň hatarynda çeper gimnastika boýunça geçen dynç güni bolan Türkmenistanyň çempionaty ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Paýtagtymyzdaky “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan wekilleriniň iň gowulary ýygnandylar.
29.03
2015
Sportuň söweşjeň sungat görnüşleri bilen meşgullanýan biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki iri ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen bizi guwandyrýarlar. Bu gezek sportuň bu görnüşinde ussatlarymyz hytaý uşu boýunça Latwiýanyň açyk çempionatynda hem-de taý boksy boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde tapawutlanmagy başardylar. Olar jemi 11 medaly — 8 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medaly eýelediler.