08.05 2015
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi şanly baýram — 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamzadyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýän Ýeňiş baýramy parahat, asuda we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar. Berkarar döwletimizde Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň taryhy müňýyllyklara uzaýan mähriban halkymyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga bolan söýgüsini dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
08.05 2015
Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmegiň öň ýanynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde uly dabara geçirildi.
07.05 2015
Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan—ABŞ” Işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty we Amerikanyň belli “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň baştutany Jek Niklausy kabul etdi.
07.05 2015
Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi – daşary ýurtlar, şeýle hem iri halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýärler.
07.05 2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmuhammedow Rejepmuhammet Omarmuhammedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
06.05 2015
Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHweGÝJHF) Baş sekretary jenap Elhaj As Sini kabul etdi.
06.05 2015
Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky türk parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
06.05 2015
Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri, GDA ýurtlarynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
06.05 2015
Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçegi kabul etdi.
06.05 2015
Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň “Parahatçylyk we bitaraplyk” atly sebitleýin maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň bilelikde gatnaşmagynda guraldy.
1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy