Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk
Çap edildi 06.05.2015
1230

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky türk parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda doganlyk ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasynyň esasy işleri hem-de wezipeleri, onuň düzümi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanun çykaryjylyk ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleri babatda işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň geçirilýän uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň barşyny tizleşdirmäge gönükdirilendir. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda kanun çykaryjylygyň dünýä tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemlän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna gol çekmek we goşulmak bilen bir hatarda geçirilýän işler biziň döwletimiziň dünýäniň hukuk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän kanunlar we kanunçylyk namalary milli Liderimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen parlamentarileriniň baş maksady demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşine uly depgin bermek, onuň halkara abraýyny berkarar etmek, ýurduň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýynyň şertlerini gowulandyrmak, adamyň hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmek bolup durýar. Duşuşygyň barşynda döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen ileri tutulýan ugurlar we parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, iki doganlyk halkyň ýola goýlan taryhy aragatnaşygy hem-de Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygy biziň ýurdumyzyň Mejlisiniň Türkiýäniň kanunçykaryjylyk edarasy bilen özara peýdaly gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Şu babatda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Teswirnamanyň ähmiýeti, şeýle hem iki döwletiň parlamentleriniň ýanynda döredilen “Türkmenistan-Türkiýe” dostluk toparynyň üstünlikli işi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda iki doganlyk ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri we abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony geljekde has-da ösdürmek barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşma kanagatlanma bildirdiler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow