22.06
2015
Mary, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyga öwrüldi.
22.06
2015
Pekin, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň Hytaý halklarynyň merkezi uniwersitetiniň dunganöwreniş ylmy instituty we Pekiniň milli bilim ösüş assosiasiýasy bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahat geçirildi.
21.06
2015
“Standartlaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy” hakyndaky Türkmenistanyň TDS 562-2015 döwlet standarty tassyklanyldy.
21.06
2015
Bu barada ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn (Merkezi Aziýa zolagy) çempionatynda mälim boldy, şonda türkmen küştçüsi, haklara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandy.
21.06
2015
Abdullah II,
Iordaniýanyň Patyşasy:
Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Iordan Haşemit Patyşalygynyň halkynyň we hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Size mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.
21.06
2015
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde guralýan halkara sungat sergisiniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
21.06
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
20.06
2015
Bagabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy.
19.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda Okuw merkezi toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
19.06
2015
Islam Karimow,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz hormatly jenap Prezident!