Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşekeşlige garşy göreş baradaky tagallalaryny goldaýar
Jemgyýet
Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşekeşlige garşy göreş baradaky tagallalaryny goldaýar
Çap edildi 20.06.2015
2448

Bagabat, 20-nji iýun (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy. Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanan “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we seri dumanladyjy serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda geçirilen bu çäre häzirki döwrüň howply wehimlerine döwletimiziň we jemgyýetimiziň barlyşyksyz garşy durýandygynyň anyk subutnamasydyr. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, ÝHHG-niň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri 200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýok ediliş çäresine gatnaşdylar. Çäre başlamazdan öňürti oňa gatnaşyjylara dürli ölçegdäki gaplanan, ýörite haltalara salnan neşe serişdeleri görkezildi. Isleg bildirenleriň her biri öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary uly göwrümli ýörite peçlere okladylar. Bu çäräniň başdan-aýak geçişine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler. Oňa gatnaşyjylar bu çäräniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, neşekeşlige we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny bellediler. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara konwensiýalaryna gatnaşýan Türkmenistan BMG-niň 2012—2015-nji ýyllarda neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy hem bolup durýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilen döwlet syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy döredildi we ol netijeli iş alyp barýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda “2011—2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, neşe serişdeleriniň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak, neşekeşligi ýüze çykarmak we ony bejermek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi neşekeşlik ýaly wehimiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezýär. Bu çärä gatnaşan daşary ýurtlular onuň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalaryna anyk goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny oňlaýar. Bu ýerde geçirilen çärä gatnaşyjylar ählumumy howpa garşy durmakda möhüm ähmiýeti bolan we sebitde hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow