20.07
2015
Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de 21-nji iýulda her ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli öz ýakyn egindeşlerinden gutlaglary kabul etdi.
20.07
2015
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli köpsanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
20.07
2015
Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar!
Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys.
20.07
2015
Aşgabat, 20-nji iýul (TDH). Şu gün, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýşy ulgamyna degişli täze iri desgalaryň açylyş dabaralary, şeýle hem saglyk düzüminiň nobatdaky ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň düýbuni tutmak çäresi geçirildi.
19.07
2015
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
19.07
2015
Aşgabat, 18-nji iýul (TDH). Şu gün her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Ony Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.
19.07
2015
Aşgabat, 19-nj iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglyk-2015” halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
19.07
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
19.07
2015
Dewid Kemeron,
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri:
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Oraza baýramy mynasybetli Size, Siziň maşgalaňyza we tutuş türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy, bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.
19.07
2015
Türkmenabat, 27-nji iýun (TDH). Amyderýanyň kenarynda festiwal öwüşginlerine beslenen Medeniýet hepdeligi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy—şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenildi.