18.08
2015
Aşgabat, 18-nji awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, dokuzynjy maslahaty boldy. Oňa deputatlar bilen birlikde, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesi girizildi.
18.08
2015
Aşgabat, 18-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehini kabul etdi.
17.08
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen, ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy- amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.
17.08
2015
Biziň ýutlarymyzyň arasynda bar bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajy Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüdi kabul etdik.
17.08
2015
Ysraýyl Döwletiniň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugatalandyrmak maksady bilen, men jenap Ishak Karmel Kagani Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
17.08
2015
Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ishak Karmel Kagany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
17.08
2015
Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdyýewa Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajdan ynanç hatyny kabul etdi.
16.08
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
16.08
2015
Aşgabat,16-njy awgust (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Geňeşleriň agzalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Giň bäsleşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçen saýlawlar tutuş jemgyýetimiziň ýokary raýatlyk işjeňligini, ruhy galkynyşy alamatlandyrdy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi äşgär boldy.
16.08
2015
Şu gün irden ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alan Geňeşleriň agzalarynyň we Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary dowam edýär.