20.08 2015
Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
19.08 2015
Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” kompaniýasy bilelikde gurady. Dostlukly ýurduň senagat babatda ýeten derejeleriniň däp boýunça türkmen paýtagtynda geçirilýän sergisi iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant boldy.
19.08 2015
Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine başlandy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlanýan senesini kesgitledi. Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada girişildi.
19.08 2015
Dogry bir aý mundan ozal, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasyebtli pýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda lukmançylyk ulgamynyň täzi iri desgalary gurlup ulanmaga berildi.
19.08 2015
Aşgabat,19-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezii topar Geňeşleriň agzalygyna we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlygyna geçirilen saýlawlaryň jemini yglan etdi. Saýlawlar 16-njy awgustda açyklyk we aýanlyk, giň bäsleşik esasynda geçirildi.
19.08 2015
Şu gün, 20-nji awgustda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-täjik gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça düýn agşam türkmen paýtagtyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen geldi.
19.08 2015
Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen pagtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 11-nji mejlisi boldy. Oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
18.08 2015
Türkmenstanyň Mejlisi “Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda” Kararlary kabul etdi.
18.08 2015
Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XI ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýyl Aşgabatda geçirilýän bu çäräniň taraplaryň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek görkezjekdigine berk ynanýaryn!
18.08 2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Phumipon Adulýadete Bangkok şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
1529 sahypa
Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda